Toyota kompaniýasy bZ seriýasynyň sedanlaryny we krossowerini görkezdi

  • 29.04.2026 22:25
  • 5.2k+

2026-njy ýylyň Pekin awtosalonynda Ýaponiýanyň Toyota awtoulag kompaniýasy özüniň bZ hataryndan birbada dört sany elektromobili tanyşdyrdy: bZ3 sedanyny, bZ5 liftbegini, bZ3X krossowerini we täze flagman sedany bolan bZ7-ni.

bZ5 modeli kupe görnüşli ýylmanak kuzowa, öň tarapda inçe optika we adaty radiator gözenegi bolmazdan ýapyk öň bölegine eýe boldy. Salonda sanly enjam paneli we uly merkezi ekran oturdyldy, dolandyryş bolsa, esasan, sensor arkaly.

bZ3X krossoweri gündelik ulanmak üçin niýetlenendir. Ol ulaldylan ölçegleri, beýik kuzowy we has giň salony bilen tapawutlanýar, bu bolsa ony maşgala gezelençleri üçin amatly edýär.

bZ3 sedany seriýanyň umumy stilinde ýerine ýetirildi: ýiti däl kuzow çyzyklary, bitewi yşyk zolagy we ýönekeý interýer.

Täze bZ7 flagmany uzyn korpusa, pes üçek çyzygyna eýe bolup, premium derejeli ulag hökmünde görkezilýär. Oňa elektron ulgamlaryň giňeldilen toplumynyň goşulmagyna we bazaryň has ýokary segmentine gönükdirilmegine garaşylýar.

Hödürlenen modeller Toyota-nyň elektrikleşdirme strategiýasynyň ösüşini we awtomobilleriň elektromobillere bolan islegiň yzygiderli artýan ýeri bolan Hytaý bazarynyň talaplaryna uýgunlaşdyrylmagyny görkezýär.


düýn 15:11
2.6k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

08.06.2026 16:02
1.7k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 19:58
1.5k+

Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy.......

07.06.2026 19:49
2.9k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......