Dünýäde milliarderleriň sany ýakyn bäş ýylda 4 müňe golaýlar

  • 25.04.2026 09:39
  • 5.4k+

Ýakyn bäş ýylda dünýäde milliarderleriň sany 3915 adama çenli köpelip biler. Bu bolsa häzirki wagtda bar bolan 3110 milliarder bilen deňeşdirilende, görkezijiniň 25% artjakdygyny aňladýar diýip, «The Guardian» neşiri Knight Frank kompaniýasyna salgylanyp ýazýar.

Baýlygy 30 million dollardan geçýän multimillionerleriň topary has-da artar. Olaryň sany 2021-nji ýyldan bäri eýýäm 300%-den gowrak köpelip, 713 626 adama ýetdi.

Knight Frank kompaniýasynyň barlag bölüminiň ýolbaşçysy Liam Beýliniň aýtmagyna görä, beýle uly baýlyklaryň toplanmagy tehnologiýalardan, hususan-da, emeli aňdan gelýän girdejiler bilen baglanyşyklydyr. «Işewürligi giňeltmek mümkinçiligi ozal hiç wagt beýle ýokary bolmandy. Bu ýagdaý tehnologiýalar we emeli aň arkaly gysga wagtyň içinde ägirt uly baýlyk toplamaga ýol açdy» – diýip, ol belledi.

Milliarderleriň sanynyň iň okgunly ösüşiniň Saud Arabystanynda bolmagyna garaşylýar, bu ýerde olaryň sany iki esseden hem köp artyp, 23-den 65-e ýetip biler. Polşada bu görkezijiniň 13-den 29-a çenli, Şwesiýada bolsa 81% artmagy çaklanylýar.

Geografik taýdan paýlanyş hem üýgär. Häzirki wagtda dünýädäki ähli milliarderleriň üçden birine golaýy Demirgazyk Amerikada ýaşaýan bolsa, 2031-nji ýyla çenli liderligiň Aziýa-Ýuwaş umman sebitine geçmegine garaşylýar. Bu sebit dünýädäki aşa baý adamlaryň umumy sanynyň 37,5%-ine eýe bolar.

Oxfam haýyr-sahawat guramasy geçen ýyl milliarderleriň sanynyň rekord derejä ýetendigini hasaba aldy. Olaryň sany taryhda ilkinji gezek 3 müň adamdan geçdi, umumy baýlyklary bolsa 18,3 trillion dollara ýetdi.


şu gün 13:44
2.1k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 17:29
10k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.5k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......