2026-njy ýylda Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler toparynyň başlygy Meggi Džillenhol bolar

  • 29.04.2026 17:15
  • 2.3k+

Bu ýylky Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler toparynyň başlygy Meggi Džillenhol bolar

Şu ýylda geçiriljek 83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler toparyna aktrisa we režissýor Meggi Džillenhol ýolbaşçylyk eder. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berýär.

Festiwal 2-nji sentýabrdan 12-nji sentýabra çenli geçiriler.

«Men şu ýyl Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler toparyna ýolbaşçylyk etmek baradaky çakylygy alandygyma örän şat. Wenesiýa hemişe hakyky we gaýtalanmajak sesleri goldap geldi we bu batyrgaý hem-de zerur däbi dowam etdirmekde öz paýymy goşmak meniň üçin uly hormat. Men ýazgarmak maksady bilen däl-de, eýsem gyzyklanma, haýran galma we tolgundyryjylyk bilen işlärin» — diýip, Džillenhol öz begenjini paýlaşýar.

Soňky birnäçe ýylda Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler toparyna ýolbaşçylyk eden beýleki zenanlaryň arasynda Keýt Blanşett (2020), Julianna Mur (2022) we Izabel Ýupper (2024) bar.

Aktrisa hökmünde Džillenhol «Kätip», «Donni Darko», «Öwrenişmek», «Mona Lizanyň ýylgyryşy», «Ekiz diňler» we «Frenk» ýaly filmlerdäki keşpleri bilen tanalýar. 2021-nji ýylda onuň režissýorlyk debýuty bolan «Nätanyş gyzym» filmi Wenesiýa kinofestiwalynda iň gowy ssenariý üçin baýraga mynasyp boldy. Ýakynda bolsa onuň «Gelin» atly gotik romantik filmi prokata çykdy.


şu gün 07:46
185

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

düýn 12:24
1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

düýn 08:41
1.3k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....