Aňyň täze derejesi: OpenAI kompaniýasy GPT-5.5 modelini tanyşdyrdy

  • 09.05.2026 16:31
  • 1.1k+

OpenAI kompaniýasy 23-nji aprelde generatiw emeli aňyň täze modeli bolan GPT-5.5-i hödürledi.

«Çylşyrymly wezipelere düşünmek, gurallary ulanmak, öz işiniň netijelerini barlamak we has köp sanly tabşyrygy ahyryna çenli ýerine ýetirmek üçin döredilen, hakyky iş we agentleri dolandyrmak üçin niýetlenen aňyň täze derejesi. Bu model kompýuter wezipelerini ýerine ýetirmekde täzeçil çemeleşmäni aňladýar. Indi ol ChatGPT we Codex ulgamlarynda elýeterli» diýip, kompaniýa X sosial ulgamynda habar berdi.

OpenAI-yň tassyklamagyna görä, täze model kod ýazmak we onuň ýalňyşlyklaryny düzetmek, onlaýn barlaglar, maglumatlary seljermek, resminamalary we jedwelleri döretmek, şeýle-de programma üpjünçiligini dolandyrmak ýaly işlerde ýokary netijelilik görkezýär.

Kompaniýa GPT-5.5 modeliniň eýýäm ChatGPT we Codex ulgamlarynyň tölegli ulanyjylary üçin elýeterlidigini anyklaşdyrdy.

Mundan ozalky wersiýa bolan GPT-5.4 modeli 5-nji martda tanyşdyrylypdy. Şol wagt hem bu modeliň hünär işleri üçin netijelidigi barada habar berlipdi.


şu gün 16:10
511

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
911

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......