Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen mekdebi döwrebaplaşdyrmak işleri bilen tanyşdy

  • 22.04.2026 14:28
  • 9.5k+

21-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebi döwrebaplaşdyrmak işleriniň barşy bilen tanyşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, döwrebaplaşdyrmak işleri Gaznanyň goldawy bilen amala aşyrylýar.

Okuw otaglarynyň, şol sanda lingafon otaglarynyň häzirki zaman tejribesini ulanmak arkaly halkara görkezijilere laýyklykda enjamlaşdyrylmalydygy bellenildi. Mekdepde okuwçylaryň diňe bir dilleri öwrenmän, eýsem ylymda we sportda zehinlerini ösdürmekleri üçin dürli gurnaklary guramak hem meýilleşdirilýär.

Sport bilen meşgullanmak üçin bu ýerde açyk we ýapyk stadionlaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenen bu sport desgalarynda ýaşlar sportuň dürli görnüşleri, şol sanda ýeňil atletika bilen meşgullanyp biler.

Mundan başga-da, mekdebiň ýanynda 320 orunlyk çagalar bagy hereket eder, bu bolsa bütewi bir bilim toplumyny döretmäge mümkinçilik berer.

Şeýle-de, okuwçylaryň ene-atalary üçin zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän otagyň döredilmeginiň we gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygy nygtaldy.


25.05.2026 11:17
9.8k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....

23.05.2026 15:48
6k+

Iýun aýynda ýurdumyzda nähili medeni-dabaraly çäreler geçiriler

Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri we Arkadag şäheriniň 3 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar geçiriler....

23.05.2026 13:12
3.6k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....

03.05.2026 14:32
15k+

Arkadag şäherinde bilim alýanlar üçin birnäçe talyp haklary giriziler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň......