Mercedes-Benz 762 km ýol ätiýaçlygy bolan batareýaly C-klassyny tanyşdyrdy

  • 22.04.2026 16:13
  • 2.7k+

Mercedes-Benz kompaniýasy doly elektrik güýjüne geçirilen C-klass sedanynyň täze neslini tanyşdyrdy. Bu model elektrikli GLC krossoweriniň tehnologiýalaryny we dizaýn elementlerini özünde jemleýär.

Kompaniýanyň beýanatyna görä, awtomobil 4 sekundyň dowamynda sagatda 100 km tizlige çykmak ukybyna eýe we doly zarýad bilen 762 kilometre çenli ýol geçip bilýär. Satuwlar ilki bilen ABŞ-da başlar, emma anyk möhletler we bahalar häzirlikçe mälim edilmedi.

Dizaýnerler sedanyň daşky görnüşini düýpli täzelediler. Ol indi has köp dört gapyly kupe görnüşine meňzeýär. Kämilleşdirilen aerodinamika ýol ätiýaçlygyny artdyrmaga we salonyň içindäki ses derejesini peseltmäge ýardam edýär. Esasy aýratynlyklaryň arasynda yşyklandyrylan radiator gözenegi, täze yşyklandyryş tehnologiýasy we gizlin gapy tutawaçlary bar.

Ulagyň uzynlygy 4883 mm bolup, tekerleriniň aralygynyň giňeldilmegi ýolagçylar üçin has köp ýer döretdi. Ýük bölüminiň göwrümi 470 litre deň, şeýle-de öň tarapda hem goşmaça ýer bar.

Ilkinji «400 4Matic» wersiýasy 489 at güýjüne deň bolan iki sany elektromotor bilen enjamlaşdyrylandyr. 94 kWt·s sygymly batareýa çalt zarýad beriş ulgamy arkaly bary-ýogy 10 minutda 325 km ýol üçin ýeterlik energiýa alyp bilýär.

Sedan adaptiw asma, yzky tekerleriň öwrülme ulgamy we sürüjä kömek edýän döwrebap funksiýalar bilen üpjün edildi. Salonda uly «Hyperscreen» displeýi, şeýle-de emeli aň funksiýalaryna eýe bolan täze operasion ulgam gurnaldy.


şu gün 08:16
830

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 09:56
6.4k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......