Ysy – melhem, sesi – em: ýagşyň imrindiriji güýjüniň syry açylýar

  • 21.04.2026 22:09
  • 6.2k+

Ýene ýagyş ýagyp başlady. Ýerimden turmaga ýaltanyp  oturan halyma, nädip penjiräniň ýanyna baranymy-da duýman galdym. Penjiräni açanymdan içerä kürsäp giren howanyň çygly ysyny demime dartyp, heziller etdim. Soňam, şybyrdap inýän damjalara «ýüzüni ýuwýan» tebigata seredip, ýagşyň şeýle jadylaýjy güýjüniň nämededigi hakynda pikir öwürdim...

Yzygiderli geçirilýän ylmy barlaglaryň netijesinde ýagyşdan soňky gezelenjiň stresden dynmaga, ýadawlygy aýyrmaga we dünýäni göwnühoş kabul etmäge kömek edýändigi belli boldy. Temperaturanyň 38°C-den ýokary bolan wagty ýagan ýagyş, adatça howany salkynladýar we topragyň, ösümlikleriň hem-de ozonyň ysy has ýiti duýulýar.

Dowamly derňewler ýagşyň diňe bir keýpimize däl, eýsem, pikirleniş ukybymyza-da täsir edip, ýadawlyk duýgusyny we «beýni dumanlamasy» diýilýän ýagdaýy azaldyp bilýändigini-de görkezdi.

Munuň ýene bir düşündirişi, negatiw ionlaryň peýda bolmagy bilen baglydyr. Damjalaryň ýere degmegi netijesinde emele gelýän bu bölejikler beýnimize ornap, serotonin derejesini ýokarlandyrýar we adaty bolmadyk rahatlygy döredýär. Bu hadysa Lenard täsiri hökmünde mälimdir.

Ýagyş howany hapadan we allergenlerden hem arassalaýar. Damjalar bölejikleri özüne çekýär we olaryň ýere çökmegine ýardam berýär. Şeýle halatda dem alşyň bilen birlikde, psihologik ýüküň hem ýeňläp, köşeşen ýaly bolýarsyň.

Ýagşyň sesi – aýratyn lezzet! Damjalaryň birsydyrgyn owazy ruhuň hem bedeniň dartuwyny peseldip, pikirdir duýgularyň ýazylyp-ýaýramagyna kömek edýär.

Ýöne şunça maglumatlaryň toplanandygyna garamazdan, ýagyş ýaganda göwnüňem, göwräňem näme sebäpden ýazlaga çykan ýaly bolýandygynyň syry entegem doly açylmadyk ýaly bolup dur...


düýn 12:12
5.9k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

10.06.2026 11:13
8.2k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

08.06.2026 12:39
6.8k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....