Bir sagatda 23 ýyldyz: ertir gije iň işjeň meteor ýagyşynyň tomaşasy bolar

  • 21.04.2026 22:51
  • 3.7k+

Ýakyn gijelerde Lirid meteor ýagyşynyň işjeňlik nokady ýetip gelýär. Bu asman şüweleňi 30-njy aprele çenli dowam eder, ýöne iň ýokary nokada 22-nji aprelden 23-nji aprele geçilýän gijede garaşylýar.

Bu ýyl gözegçilik şertleri aýratyn amatly bolar. Orak ýaly inçe Aýyň gözýetimden pesde ýerleşeni üçin, onuň ýagtylygy gaýyp gelýän ýyldyzlary synlamaga päsgel bermez. Sagatda ýigrimiden gowrak ýyldyzyň ýagjak tomaşasy synlanyňa deger.  

Liridler adamzat tarapyndan 2600 ýyldan bäri synlanyp gelinýän, gadymdan mälim bolan meteor ýagyşlarynyň biridir. Bu asman şüweleňi yzynda tozan bölejiklerini galdyran 1861-nji ýylyň Beýik kometasy bilen baglanyşykly. Ýer şary her aprelde bu yzy kesip geçýär we bölejikler sekuntda takmynan 49 kilometr tizlik bilen atmosfera girip, ýanýar hem-de ýagty ýalkymlary döredýär.

Bilermenler meteor ýagyşynyň işjeňliginiň eýýäm 14-nji aprelde başlandygyny we aýyň ahyryna çenli dowam etjekdigini belleýärler. Gözegçilik etmek üçin iň oňat wagt 22:00-dan soň başlanar we gije sagat 01:00 töweregi iň ýokary derejesine ýeter. Meteorlaryň ýokary tizligi sebäpli olary hiç hili enjamsyz, ýaraglanmadyk göz bilenem görüp bolar. Iň gowy täsirleri almak üçin şäher yşyklaryndan uzakdaky açyk meýdançalary saýlamak we ýakyn töwerekde emeli yşyklandyryşy, hatda elçyradyr smartfonuň ýagtylandyryjysyny hem ulanmazlyk maslahat berilýär.

 

 


düýn 12:47
4.6k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
9.5k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.7k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......