Paramount «Top Gan 3» filminiň üstünde işleriň başlanandygyny resmi taýdan tassyklady

  • 24.04.2026 10:37
  • 1.8k+

Paramount studiýasynyň kino bölüminiň ýolbaşçysy Joş Grinstin «Top Gan 3» filminiň önümçiligine badalga berlendigini resmi taýdan yglan etdi.

Häzirki wagtda filmiň ssenarisiniň üstünde işjeň iş alnyp barylýar. Baş roly ýene-de Tom Kruz ýerine ýetirer, taslamanyň prodýuserligini bolsa Jerri Brukhaýmer öz üstüne alar. Taslamanyň režissýorynyň ady häzirlikçe mälim edilmedi.

2022-nji ýylyň «Top Gan: Mewerik» («Топ Ган: Мэверик») atly meşhur blokbasteriniň dowamy birnäçe ýyllap ara alnyp maslahatlaşyldy. Ssenarini ýazmak işine entek iki ýyl mundan ozal öňki bölümiň ssenariçileriniň biri Eren Krýuger çekilipdi. Täze filmiň sýužeti baradaky maglumatlar berk gizlinlikde saklanýar, emma taslama Maýlz Teller we Glen Pauell ýaly aktýorlaryň gaýdyp geljekdigi çak edilýär.

Surata düşürmek işleriniň geljek ýyl başlanmagyna, filmiň uly ekranlara çykmagyna bolsa 2028-nji ýyldan bärde garaşylmaýar.

Tom Kruz CinemaCon tanyşdyrylyşyna hut özi gatnaşyp bilmedi, emma studiýanyň meşhur suw diňiniň öňünde düşürilen wideorolik arkaly tomaşaçylara ýüzlendi. Režissýor Jon M. Çu tarapyndan düşürilen bu wideoda aktýor Paramount-yň mirasy we kompaniýanyň täze ýolbaşçylygyndaky geljegi baradaky pikirleri bilen paýlaşdy.


şu gün 07:46
979

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

düýn 12:24
1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

düýn 08:41
1.4k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
11k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....