Tesla kompaniýasy Model S we Model X modellerini çykarmagyny ýörite tapgyr bilen tamamlar

  • 23.04.2026 20:36
  • 1.7k+

Tesla kompaniýasy Model S we Model X modelleri üçin jemleýji boljak çäklendirilen Signature Edition tapgyrynyň çykarylýandygyny yglan etdi.

Bu tapgyr jemi 350 awtomobilden ybarat bolar: 250 sany Model S Plaid we 100 sany Model X Plaid. Olary diňe ýörite çakylyk arkaly satyn alyp bolar.

Awtomobiller özboluşly nar-gyzyl reňke we bezeginde altyn elementlere eýe boldy. Salonda ak alkantara we altyn öwüşginli bezeg detallary ulanyldy. Şeýle hem, her bir nusgada tertip belgisi goýlan ýörite tagtajyk oturdyldy.

Model S karbon-keramiki tormoz ulgamy bilen üpjün edildi. Topluma awtonom dolandyryş funksiýasy bolan bukja, dörtýyllyk hyzmat ediş we Supercharging stansiýalarynda ömürlik mugt zarýad bermek hyzmaty girýär.

Awtomobilleriň bahasy 159 420 dollara deň bolup, bu adaty Plaid wersiýasyndan, takmynan, 35 000 dollar gymmatdyr.

Kompaniýa bu modeller üçin şahsy sargytlary kabul etmegi bes etdi. Frimontdaky zawody döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär — ol ýerde Optimus atly adam şekilli robotlaryň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar.


şu gün 08:11
956

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

düýn 18:36
3.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.5k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 08:16
2.7k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......