Alymlar Şekspiriň Londondaky öýüni tapdylar

  • 18.04.2026 11:57
  • 4.3k+

XVII asyra degişli tapylan karta Wilýam Şekspiriň Londondaky öýüniň ýerleşýän ýerini anyklamaga mümkinçilik berdi.

Barlagy London Kings kollejiniň professory Lýusi Manro geçirdi. Ol atanlykda London we Milli arhiwlerden dramaturgyň 1613-nji ýylda satyn alan mülküniň takyk salgysyny we ölçeglerini kesgitlemäge kömek eden resminamalaryň üstünden bardy.

– Men London arhiwinden başga bir zat gözläp ýörkäm, bu resminama tötänleýin duş geläýdim – diýip, Manro öz tapyndysy hakda gürrüň berýär.

Ozal öýüň Blekfraýars etrabynda ýerleşendigi mälim bolsa-da, onuň anyk ýeri näbelli bolup galýardy. Indi mülküň häzirki Aýrlend-Ýard köçesiniň, Bergon-strit köçesiniň aşaky böleginiň we Bergon-strit, 5 hem-de Sent-Endrýus-Hill, 5 salgylaryndaky binalaryň bir böleginiň çäginde ýerleşendigi belli boldy.

Şeýle hem, Sent-Endrýus-Hill köçesindäki gök reňkli ýadygärlik tagtasynyň öýüň golaýynda däl-de, hut onuň üstünde oturdylandygy ýüze çykaryldy.

Barlagçynyň aýtmagyna görä, öýüň Blekfraýars teatrynyň golaýynda ýerleşmegi Şekspiriň ömrüniň ahyrky ýyllarynda Londonda çak edilişinden has köp wagt geçirendigine şaýatlyk edýär. Ol Jon Fletçer bilen bilelikde döreden «Genrih VIII» we «Adamkärçilikli iki çykan» («Два благородных кузена») ýaly soňky eserleriniň üstünde hem hut şol ýerde işlän bolmaly.  

Şekspir pýesalardan gazanan serişdesine Londonyň takmynan 160 km demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Stratford şäherinde maşgala öýüni gurupdyr (ol bina soňra ýykylypdyr).

Şahyr şol ýerde 1616-njy ýylda, 52 ýaşynda aradan çykýar.


21.05.2026 19:24
3.9k+

Baýýo halysy Londonda taryhda ilkinji gezek ýazgyn ýagdaýda görkeziler

Britan muzeýi meşhur Orta asyr eseri bolan Baýýo gobelenini taryhda ilkinji gezek doly ýazgyn görnüşde sergä çykarar. «The Bayeux Tapestry Experience» diýlip atlandyrylan bu täsin sergi şu ýylyň 10-njy......

21.05.2026 07:29
1.1k+

Halkara "Buker" baýragy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" romanyna berildi

Zenan ýazyjy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" (Taiwan Travelogue) romany 2026-njy ýylyň Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Sylaglamak dabarasy 19-njy maýda Londonyň Tate Modern muzeýinde geçirildi....

13.05.2026 19:49
1.6k+

The Beatles toparynyň üçeginde soňky konsertini beren jaýy muzeý bolar

Londonyň Sewil-Rou köçesiniň 3-nji jaýynda The Beatles muzeýi açylar. Hut şu binada toparyň ştab-kwartirasy we «Let It Be» albomynyň ýazgy edilen studiýasy ýerleşipdi, binanyň üçeginde bolsa toparyň iň soňky......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......