Atlanta bilen Dubaý dünýäniň iň mähelleli howa menzili boldular

  • 16.04.2026 14:21
  • 4.6k+

Halkara aeroportlar geňeşi (ACI World) dünýäniň iň köp adamly howa menzil-çatrygynyň täze reýtingini hödürledi. Guramanyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda halkara ýolagçy gatnawy 4 milliarda ýetip, pandemiýadan öňki 2019-njy ýylyň görkezijisinden 8,3% ýokary boldy.

Dünýäniň iň uly howa derwezesiniň sanawynda ýene-de ABŞ-nyň Hartsfild-Jekson Atlanta aeroporty birinji orny eýeledi. Ol geçen ýyl 106 milliondan gowrak ýolagça hyzmat etdi.

2025-nji ýylda iň köp mähelleli bolan 10 aeroport:

  1. Hartsfild-Jekson Atlanta halkara aeroporty, ABŞ;
  2. Dubaý halkara aeroporty, BAE;
  3. Tokio Haneda aeroporty, Ýaponiýa;
  4. Dallas/Fort-Uert halkara aeroporty, ABŞ;
  5. Şanhaý Pudun halkara aeroporty, Hytaý;
  6. O'Hara halkara aeroporty, Çikago, ABŞ;
  7. London Hitrou aeroporty, Beýik Britaniýa;
  8. Stambul aeroporty, Türkiýe;
  9. Guanžou Baýýun halkara aeroporty, Hytaý;
  10. Denwer halkara aeroporty, ABŞ.

Diňe halkara gatnawlar segmentinde Dubaý (95,1 mln ýolagçy) lider boldy, ondan soňra London Hitrou we Günorta Koreýanyň Inçhon aeroportlary gelýär. Halkara ugurlar boýunça ilkinji onluga Ýewropanyň iri howa nokatlary Amsterdam Shiphol (5-nji orun), Stambul (6-njy), Şarl de Goll adyndaky Pariž aeroporty (7-nji) we Frankfurt (9-njy) hem girdi.

ACI World guramasynyň baş direktory Jastin Erbatçi howa menzilleriniň üstünliginiň artýan islegi netijeli dolandyrmak bilen baglydygyny, emma pudaga uzak möhletleýin maýa goýumlarynyň gerekdigini belledi. Şeýle hem, ekspertler awiaýangyjyň bahasynyň 13% aşaklamagynyň we inflýasiýanyň gowşamagynyň syýahata bolan höwesi artdyrandygyny hasaba aldylar.


20.06.2026 19:55
11k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

19.06.2026 19:36
6k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

11.06.2026 07:37
5.6k+

Awiakompaniýalar ýolagçylara goşy däl-de, jany halas etmegi öwreder

Halkara howa ulaglary assosiasiýasy (IATA) Rio-de-Žaneýroda geçirilen 82-nji ýyllyk ýygnagynda «Goşuňy däl-de, janyňy halas et» (Save a Life, Not a Bag) atly täze howpsuzlyk kampaniýasyna başlady. Bu......

10.06.2026 10:55
7.7k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....