100 ýewrolyk lotereýada Pikassonyň suraty parižli inženere nesip etdi

  • 16.04.2026 07:45
  • 3.5k+

Parižiň ýaşaýjysy Ari Hodara bahasy 1 million ýewrodan gowrak (takmynan, 1,2 mln dollar) bolan Pablo Pikassonyň hakyky suratynyň eýesi boldy. Ol ony haýyr-sahawat lotereýasynda utup aldy.

58 ýaşly inžener we sungaty söýüji öz ýeňşi barada «Christie's» auksion öýünden wideojaň gelenden soň bildi. Ilkibaşda ol öz bagtyna ynanyp bilmedi.

«Munuň degişme däldigini nireden bileýin?» – diýip, ol sorady.

Bu çäre 2013-nji ýylda düýbi tutulan «100 ýewro bir Pikasso» taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Eýýäm üçünji gezek guralan bu lotereýada 120 müňden gowrak bilet satyldy.

Bu guramaçylara, takmynan, 11 million ýewro ýygnamaga mümkinçilik berdi. Bu serişdeler Alsgeýmer keseliniň ylmy-barlag işlerine gönükdiriler.

Täze eýesine ispan ussadynyň 1941-nji ýylda döreden «Zenan seri» (Tête de femme) atly eseri nesip etdi. Ol ony kagyz ýüzünde guaş bilen çekipdir.

«Men diňe haýran galdym, bolany. Şunuň ýaly zada bilet alanyňda, utaryn diýip garaşmaýarsyň... Ýöne men örän bagtly, sebäbi žiwopis bilen gyzyklanýaryn we bu meniň üçin ajaýyp habar boldy» – diýip, Hodara auksionçylar bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Portretde Pikassonyň özboluşly stilinde oňa ylham beren zenan — fransuz suratkeşi Dora Maar şekillendirilipdir. Surat kubizm we sýurrealizm elementlerini özünde jemläp, ýüz keşbindäki üýtgetmeler arkaly Ikinji jahan urşy döwrüniň çylşyrymly psihologik ýagdaýyny beýan edýär.

Lotereýa fransuz žurnalisti Peri Koşen tarapyndan Pikassonyň maşgalasynyň we gaznasynyň goldamagynda guraldy.

şu gün 01:36
272

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

düýn 23:59
1.3k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

düýn 23:54
322

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

düýn 14:24
3.9k+

Täjigistandan Ýaponiýa çenli: «World Food Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

​«World Food Photography Awards 2026» halkara bäsleşiginiň guramaçylary tagam we iýmit mowzugyna bagyşlanan iň gowy fotosuratlary mälim etdiler. Bäsleşigiň baş baýragyny Täjigistandaky sowet döwründen galan......