Toyota Corolla Cross krossoweri täzelener we ýangyçly hereketlendirijilerden ýüz öwrer

  • 21.04.2026 11:33
  • 3.5k+

Toyota kompaniýasy 2028-nji ýylda ilkinji gezek görkezilmegine garaşylýan Corolla Cross krossoweriniň täze neslini işläp düzýär. Deslapky maglumatlara görä, model doly derejede gibrid hereketlendirijilerine geçer we täzelenen tehniki baza bilen üpjün ediler.

Awtomobil täzelenen TNGA-C platformasyny saklar. Esasy üýtgeşiklik gibrid ulgamynyň altynjy nesli bilen utgaşdyrylantäze 1,5 litrlik hereketlendirijiniň ulanylmagy bolar. Ulgamyň netijeliliginiň döwrebap batareýalary we ýarymgeçirijileri ulanmak arkaly ýokarlandyrylmagyna garaşylýar.

Şeýle hem, takmynan 200 at güýjüni öndürýän gibrid elektrik geçirijisi we täzelenen yzky asma ulgamy bolan GR Sport wersiýasyny çykarmak göz öňünde tutulýar.

Krossoweriň salony düýpli üýtgeşmelere sezewar bolar: 12,3 dýuýmlyk sanly gurallar paneli we 12,9 dýuýmlyk multimediýa ekrany bilen birlikde Arene programma platformasynyň ornaşdyrylmagyna garaşylýar.

Modeliň daşky görnüşi täze RAV4-iň stilinde biraz burçlagrak bolar we gabarasynyň birneme ulalmagy bolsa salonda giňişlik döretmäge mümkinçilik berer.


şu gün 08:16
1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 09:56
6.4k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......