Jeep Grand Cherokee-niň ýolsuz ýerler üçin niýetlenen ýörite wersiýasyny taýýarlaýar

  • 19.04.2026 23:04
  • 2.8k+

Jeep kompaniýasy Grand Cherokee krossoweriniň ýolsuz ýerler üçin niýetlenen Trailhawk wersiýasynyň ilkinji suratyny görkezdi. Model geçen ýylky täzelenme wagtynda aýrylan hem bolsa, awtoulaglaryň hataryna gaýdyp geler.

Täze modeliň tehniki häsiýetnamasy heniz mälim edilmedi. Çap edilen suratda grafikaly täzeden işlenen kapot we gyzyl reňkli çekiji gözleri bolan öň bamper görkezilýär.

Trailhawk wersiýasynyň täzeden işlenen asma ulgamyna eýe bolmagyna garaşylýar. Hususan-da, pnewmatik ulgama aýrylyp bilýän öň tarapky kese durnuklylyk stabilizatory goşulyp bilner, bu bolsa ýolsuz ýerlerde geçijiligi gowulandyrmaly. Şeýle hem, yzky okda elektron dolandyryşly differensialyň bolmagyna garaşylýar.

Motor1 kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, model 324 at güýjüni we 450 Nm çekijiligi öndürýän 2,0 litrlik turboşaržly Hurricane hereketlendirijisi bilen hödürlener. Şeýle-de bolsa, atmosferaly 3,6 litrlik V6 hereketlendirijisi diňe esasy wersiýalarda elýeterli bolar.

Jeep geljekde Trackhawk-yň sport görnüşini hem yzyna gaýtaryp getirmegi mümkin. Öň Stellantis konserniniň käbir modelleriniň ýene-de sekiz silindrli hereketlendirijiler bilen üpjün ediljekdigi habar berlipdi.


şu gün 08:16
830

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 09:56
6.4k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......