WhatsApp-dyr Telegram-a täze bäsdeş: Mask mahabatsyz we telefon belgisiz messenjer çykarýar

  • 18.04.2026 13:05
  • 2.9k+

Ilon Maskyň X kompaniýasy 17-nji aprelde hat alyşmak üçin niýetlenen aýratyn XChat goşundysyny çykarmaga taýýarlanýar. Täze messenjer ilki bilen iOS (iPhone) ulgamynda işläp başlar.

Goşundyny ulanmak üçin telefon belgisini birikdirmegiň hökman däldigi we ulanyjylary hiç hili mahabatyň biynjalyk etmejekdigi XChat-yň esasy aýratynlyklarydyr. Mundan başga-da, messenjer hatlary diňe ýazyşýan iki tarapyň okap bilmegi, ekran suratyny almagy gadagan edýän funksiýa, hatlary öçürmek ýa-da üýtgetmek ýaly ýokary howpsuzlyk goraglaryny-da öz içine alýar.

XChat ýazyşmak bilen birlikde, toparlaýyn audio we wideogepleşikleri hem gurnamak mümkin. Şeýle hem onda ýitip gidýän hatlar we ýüzlerçe adamy birleşdirýän uly toparlaýyn çatlar bolar.

Bu täzelik Ilon Maskyň X platformasyny ähli zady özünde jemleýän «super goşunda» öwürmek strategiýasynyň möhüm bölegidir. Maskyň maksady, täze taslama arkaly WhatsApp we Telegram ýaly aragatnaşyk bazarynyň liderlerine güýçli bäsdeş döretmekdir.


28.05.2026 12:27
2.4k+

Apple kompaniýasy iOS 26.5-i çykardy: onda näme täzelikler bar?

Apple kompaniýasy resmi taýdan iOS 26.5 täzelenmesini hödürledi. Bu täzelenme ulanyjylara täze funksional mümkinçilikleri hödürlemek bilen birlikde, howpsuzlyk ulgamyndaky 50-den gowrak kemçilikleri düzedýär....

23.05.2026 11:13
2.6k+

Nintendo-nyň täze mobil goşundysy suratlary oýunlara öwürmäge mümkinçilik berer

Nintendo kompaniýasy iOS we Android ulanyjylaryna suratlary mini-oýunlara öwürmäge mümkinçilik berýän «Pictonico!» atly goşundysyny çykarar....

22.05.2026 14:44
2k+

Ilon Maskyň X sosial ulgamynyň programmasynyň ýüklenmesi 1 milliarddan geçdi

Milliarder Ilon Maska degişli bolan X sosial ulgamynyň ykjam programmasynyň smartfonlara ýüklenen sany 1 milliarddan geçdi. Bu uly üstünlik barada Maskyň özi habar berdi....

19.05.2026 15:04
7.4k+

Ilon Mask OpenAI kompaniýasyna garşy kazyýet dawasynda ýeňildi

Demirgazyk Kaliforniýanyň Federal okrug kazyýeti milliarder Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasynyň ýolbaşçylygyna, şol sanda baş direktor Sem Altmana we kompaniýanyň prezidenti Greg Brokmana garşy beren şikaýat......