Zähmetsöýerligiň dünýä reýtingi: iň işeňňir adamlar nirede ýaşaýar?

  • 17.04.2026 11:26
  • 6.6k+

Iň dowamly iş hepdesi bolan ýurtlaryň dünýä boýunça sanawynda Butan birinji ýeri eýeledi. Bu ýurtda hepdelik iş wagtynyň ortaça görkezijisi 54,7 sagatdyr. Sanawyň lider ýurtlaryndaky ýokary agram zähmet köp sarp edilýän pudaklaryň agdyklyk etmegi we awtomatlaşdyrmagyň pesligi bilen şertlendirilýär.

Ikinji orny hepdede takmynan 50 sagat görkeziji bilen Lesoto eýeleýär, üçlügi bolsa San-Tome we Prinsipi (49 sagat) tamamlaýar.

Şeýle hem saýlama 5-lige Kongo Respublikasy we Iordaniýa girdi. Iş tertibi dowamly bolan ýurtlaryň köpüsi ykdysadyýeti oba we tokaý hojalygyna güýçli bagly bolan Aziýada hem-de Afrikada ýerleşýär.

Ekspertler gysga iş hepdesini doly ýagdaýda gülala-güllügiň alamaty diýip kabul etmeli däldigini belleýärler. Meselem, iş sagatlary iň az bolan bäş ýurtlaryň hataryna ýokary derejede ösen Norwegiýa bilen bir wagtda Ýemenem girýär.


27.05.2026 14:36
5.1k+

«Aýyň ahyryna ýetip bilermikäm ýa asyryň ahyryna?»: Ispaniýa energetika öwürilişigi üçin 9 milliard ýewro goýberýär

Ispaniýanyň hökümeti raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak we ýurduň ekologik ýagdaýyny üýtgetmek maksady bilen, täze Durmuş-klimat meýilnamasyny taýýarlady. Taslama laýyklykda, döwlet tarapyndan 9......

27.05.2026 00:21
4.1k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

26.05.2026 00:48
3.2k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......

22.05.2026 14:33
6.3k+

Hytaý dünýä çempionatyny görkezmek hukugyny FIFA-nyň isläninden 5 esse arzan satyn aldy

Hytaý döwlet teleradiokompaniýasy (CCTV) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny ýaýlyma bermek barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bilen ylalaşyk gazandy. «Hong Kong 01» neşiriniň CCTV-niň......