125 müň ýyl mundan ozal, pyşdyllaryň çanaklary gap-gaç hökmünde ulanylypdyr

  • 18.04.2026 12:13
  • 5.8k+

Germaniýanyň we Niderlandlaryň arheologlary demirgazyk neandertallaryň Ýewropanyň batgalykda ýaşaýan pyşbagalaryny ölmez ödi iýmit üçin däl-de, gap-gaç ýasamak üçin awlandygynyň ilkinji subutnamasyny tapdylar diýip, Scientific Reports žurnaly habar berýär.

Noýmark-Nord toplumyndan alnan materiallaryň öwrenilmegi gadymy adamlaryň süýrenijileriň çanaklaryny yhlas bilen arassalap, olary çanak ýa-da susak hökmünde ulanandygyny görkezdi.

Hünärmenler buzluk gatlaklaryndan tapylan 92 çanagy öwrenenlerinde 22 bölekde çakmak daşdan ýasalan gurallara häsiýetli alamatlary anykladylar. Kesikler neandertallaryň siňirleri dykgat bilen kesendigini we etden ymykly arassalandygyny görkezýär. Pyşbagalaryň galyndylarynyň ägirt uly tokaý pilleriniň süňkleriniň ýanyndan tapylandygy sebäpli, barlagçylar açlyk bilen bagly werisýany aradan aýyrdylar.

Ulular uly awy bölekleýänçä, çagalaryň takmynan bir kilogram agramyndaky kiçi awlary tutmak bilen meşgullanan bolmagy mümkin. Pyşbagalary gap-gaç hökmünde ulanmakdan başga-da, alymlar olaryň tagamly nygmat hökmünde iýlen bolmagynyň hem mümkindigini çaklaýarlar.

Bu açyş neandertal medeniýetiniň çeýeligini, ýagny olaryň landşaftyň ähli gorlaryndan — on tonnalyk pillerden başlap kiçi süýrenijilere çenli — peýdalanyp bilendigini tassyklaýar.


düýn 10:01
3.1k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.7k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......