Google YouTube Premium-yň abunasynyň bahasyny ýokarlandyrýar

  • 15.04.2026 19:03
  • 928

Google kompaniýasy YouTube Premium abunasynyň bahasynyň nobatdaky gezek gymmatladylýandygyny yglan etdi. Bu üýtgeşmeler täze ulanyjylar üçin eýýäm güýje girdi. Aýlyk tölegler 2 dollar möçberinde ýokarlandy. Bu barada The Verge neşiri habar berýär.

Täze nyrhlara görä:

  • Indiwidual (şahsy) Premium meýilnamasy: aýda $15,99.
  • Maşgala paketi (birnäçe ulanyjy üçin): aýda $26,99.
  • Premium Lite (mahabaty bölekleýin aýyrýan tarif): bahasy $8,99 çenli ýokarlandy.

YouTube Premium ulanyjylara wideolary mahabatsyz görmäge, mobil enjamlarda wideony fon tertibinde (arka planda) diňlemäge we wideolary internetsiz görmek üçin ýükläp almaga mümkinçilik berýär. Google-yň işläp düzüjileri tölegli abunaçylar üçin yzygiderli täze funksiýalary synagdan geçirip, ulanyşa girizýärler.


şu gün 15:47
434

Google displeýsiz, elýeterli Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy

Google kompaniýasy täzelenen Fitbit hatarynyň ilkinji enjamy bolan Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy. Bilezigiň kemeri bilen bilelikdäki umumy agramy bary-ýogy 12 grama deňdir....

09.05.2026 11:11
570

Google I/O 2026 maslahatynyň öňüsyrasynda Android üçin aýratyn tanyşdyryş çäresini geçirer

Google kompaniýasy Android Show I/O Edition 2026 tanyşdyrylyşynyň geçiriljekdigini yglan etdi. Ol 12-nji maýda Ýuwaş ummany wagty bilen sagat 10:00-da (Aşgabat wagty bilen 22:00-da) bolar. Bu çärede......

08.05.2026 08:45
1.7k+

Chrome kompýuterlere gizlinlikde 4 GB göwrümli Gemini Nano modelini gurnap başlady

Google Chrome brauzeri ulanyjylara habar bermezden ýa-da olardan rugsat soramazdan, takmynan 4 GB ululygyndaky Gemini Nano atly emeli aň modelini kompýuterlere gurnap başlady....

07.05.2026 08:23
1k+

Barlag: Claude-niň ulanyjylary emeli aň dünýäsinde iň gurply kişiler bolup çykdy

Claude çat-botunyň ulanyjylary beýleki emeli aň ulgamlarynyňkylar bilen deňeşdirilende has ýokary girdejilidikleri bilen tapawutlanýar. Bu barada The Decoder neşiri ABŞ-nda geçirilen «Epoch AI» barlagyna......