Süýdemdirijileriň ata-babalary ýumurtga basyp köpelipdirler: bu 250 million ýyl mundan ozal bolupdyr

  • 15.04.2026 17:02
  • 3.1k+

Halkara alymlar topary takmynan 250 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen süýdemdirijileriň gadymy ata-babasy bolan listrozawryň embrionyny öz içine alýan ýumurtga tapdylar diýip, PLOS ONE neşiri habar berýär.

Bu özboluşly tapyndy köpýyllyk jedelleriň soňuna nokat goýýar we irki süýdemdirijileriň garyndaşlarynyň ýumurtga basyp köpelendigini tassyklaýar.

Barlag listrozawryň öz ululygyna görä uly, ýumşak gabykly ýumurtgalary basandygyny görkezdi. Häzirki zaman haýwanlarynyň uly ýumurtgalarynyň, adatça, sarysy köp bolýar, bu bolsa ýurtgadan çykandan soň, embriony ene-atasynyň iýmiti bolmazdan, özbaşdak ösmegi üçin zerur bolan ähli iýmit maddalary bilen üpjün edýär. Uly ýumurtgalaryň ýene-de bir möhüm artykmaçlygy bar: olar guraklyga has çydamly. Bu köpçülikleýin gyrylmadan soň gurak howa mahsus bolan agyr şertlerde ýaşaýşy saklap galmagyň örän möhüm şertidi.

Bu açyş süýdemdirijileriň gadymy ata-babalarynyň öz nesillerini süýt bilen iýmitlendirmändigini hem-de olaryň ýaşaýş strategiýasynyň çalt ösmeklige we jynsy taýdan ir ýetişmeklige esaslanýandygyny görkezýär.


düýn 10:01
3.1k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.7k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......