Alymlar Marsy özleşdirmek üçin awtonom "robot iti" döretdiler

  • 15.04.2026 11:07
  • 2.2k+

Şweýsariýaly inženerler we alymlar ýarym awtonom dört aýakly ANYmal robotyny üstünlikli synagdan geçirdiler. Ol Ýerden gelýän buýruklar bolmazdan geologik obýektleri özbaşdak öwrenmäge ukyplydyr diýip, “Frontiers in Space Technologies” žurnaly habar berýär.

Bu işläp düzme Marsy öwrenende hünärmenleri rowerleriň her ädimini öňünden meýilleşdirmäge mejbur edýän 4 minutdan 22 minuta çenli dowam edýän aragatnaşygyň gijikme meselesini çözmek üçin niýetlenendir.

Daşyndan robot ite meňzeýän ANYmal roboty mikroskopiki skaner we göterilýän spektrometrli manipulýator bilen enjamlaşdyrylan. 

Bazel uniwersitetiniň Mars şertlerini simulýasiýa edýän Marslabor desgasynda geçirilen tejribeleriň dowamynda enjam ýokary öndürijilik görkezdi. Ol nyşanalary özbaşdak saýlady, olaryň ýanyna bardy we seljerme geçirdi.

ANYmal gips, karbonatlar we bazaltlar ýaly esasy ylmy dag jynslaryny üstünlikli kesgitledi we möhüm bolmadyk obýektlere ähmiýet bermedi. Awtonom algoritmleriň ulanylmagy tapşyrygyň ýerine ýetiriliş wagtyny tas iki esse diýen ýaly azaltmaga mümkinçilik berdi. Adam tarapyndan dolandyrylýan adaty robota munuň üçin 40 minutdan gowrak wagt gerek bolýan bolsa, ANYmal tapşyrygy 12–23 minutda ýerine ýetirdi.


08.06.2026 16:45
3.5k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.2k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

07.06.2026 17:07
1k+

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......