Türkmen modelýeri ÝUNESKO-nyň edara binasynda lybaslar toplumyny görkezdi

  • 10.04.2026 11:42
  • 10k+

Türkmen dizaýneri Göwher Guwerne - Pirkuliýewa Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň edara binasynda Halkara Nowruz baýramy mynasybetli milli lybaslaryň toplumy bilen tanyşdyrdy diýip, Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berdi.

ÝUNESKO-nyň edara binasynda geçirilen görkezilişe Azerbaýjanyň we Täjigistanyň dizaýnerleri hem gatnaşyp, öz ýurtlarynyň milli lybaslaryny görkezdiler.

Çäre Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Türkiýäniň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary tarapyndan bilelikde guraldy.

Bu baýramçylyk agza döwletleriň wekiliýetlerini bir ýere jemläp, medeni dostlugy we Nowruzy belleýän ýurtlaryň milli däplerini wagyz edýän meýdança öwrüldi.


13.05.2026 10:00
4.8k+

«L bilen V harpy hemmelere degişlidir!»: portugal brendi Louis Vuitton-a garşy kazyýetde ýeňiş gazandy

Portugaliýanyň Licores do Vale brendi «L» we «V» harplary bolan logotipini hasaba aldyrmak meselesinde Louis Vuitton bilen bolan kazyýet dawasynda ýeňiş gazandy....

29.04.2026 13:40
955

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......

16.03.2026 23:36
7k+

Ýelekler, güller, göwherler: ýerdäki ýyldyzlar Oskarda niçik lowurdady?

16-njy martyň säheri Kaliforniýadaky 98-nji Oskar baýraklaryny gowşuryş dabarasy bilen başlandy. Aslynda köpçülik bu dabara kino baýraklaryny kimiň alýandygyny bilmek üçin üýşen bolsa-da, olar gözlerini gyzyl halyçadan ýörän ýyldyzlaryň lybaslaryndan aýryp bilmediler...

12.03.2026 10:52
4k+

6 ýyllyk tejribesi bolan 10 ýaşly dizaýner Pariž moda hepdeliginde öz kolleksiýasyny görkezdi

10 ýaşly amerikaly dizaýner Maks Aleksander Pariž moda hepdeliminde öz kolleksiýasyny hödürläp, bu çärede öz işlerini görkezen iň ýaş kutýurýe (ýokary derejeli moda dizaýneri) boldy. Oglanjyk takmynan alty ýyldan bäri eşik tikmek bilen meşgullanýar...