Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

  • 15.04.2026 10:47
  • 2.7k+

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder.

Brendiň Beýik Britaniýadaky bölüminiň ýolbaşçysy Pol Filpott, britan bazarynda elektromobilleriň satuwynyň 100 müňden geçendigine garamazdan, adaty hereketlendirijili ulaglaryň hatarda galjakdygyny tassyklady.

Kia-nyň elektromobillerine bolan isleginiň artmagy "e-Niro" modeli bilen başlady: eger 2020-nji ýylda şeýle awtoulaglaryň 7,5 müňüsi satylan bolsa, 2025-nji ýylda satuw mukdary 21,9 müňden geçdi. Muňa garamazdan, kompaniýa gibridlere we klassiki güýç beriji gurluşlara maýa ýatyrnagyny dowam etdirýär.

Ýakyn 12–18 aýyň dowamynda Sportage modeliniň täze nesliniň satuwa çykmagyna garaşylýar. Bu model gibrid görnüşlerini saklap galar, emma diňe benzin bilen işleýän wariantlar kem-kemden önümçilikden aýrylar.

Meňzeş çemeleşme Seltos krossowerine hem degişlidir — ol Britan bazarynda diňe gibrid görnüşinde bolar.

Bellemeli zat, ekologiýa kadalarynyň barha berkleşmegi 2029-njy ýyla çenli içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň satuwyny ep-esli çäklendirip biler. Şol sebäpli hem 2026-njy ýylyň täze modelleri has ýygy-ýygydan elektrikleşdirilen gurluşlar bilen enjamlaşdyrylar.


şu gün 09:56
1.2k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

düýn 12:20
2.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.2k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....