80 ýaşynda meşhur rumyn tälimçisi Mirça Luçesku aradan çykdy

  • 08.04.2026 18:50
  • 6.8k+

7-nji aprelde Buharestde meşhur rumyn futbol tälimçisi Mirça Luçesku 80 ýaşynda dünýäden ötdi. Bu barada Antena 3 CNN telekanaly habar berdi.

Meşhur hünärmen mart aýynyň ahyrynda ýerleşdirilen hassahanada aradan çykdy.

Luçesku 29-njy martda Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň türgenleşiginde özünden gidenden soň, hassahana äkidilipdi. Iki günden soň bolsa, ol milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesinden çekildi. Ony 3-nji aprelde hassahanadan çykarmak meýilleşdirilýärdi, emma şol gün tälimçiniň yzly-yzyna iki gezek infarkt geçirmegi onuň ýagdaýyny has-da agraltdy.

Mirça Luçesku dünýä futbolynyň taryhynda öçmejek yz galdyran tälimçidir.

Ol köp ýyllaryň dowamynda Buharestiň «Dinamo» toparynda we Rumyniýanyň milli ýygyndysynda çykyş etdi.

Tälimçilik karýerasynda ilkinji ädimi 1981-nji ýylda öz ýurdunyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etmek bilen başlady.

Luçesku iň uly üstünliklerine klub tälimçisi hökmünde ýetdi. Onuň ýolbaşçylygynda Doneskiň «Şahtýor» topary (2004–2016) sekiz gezek Ukrainanyň çempiony boldy we 2008/2009 möwsüminde UEFA kubogyny gazandy. Şeýle-de ol dürli ýyllarda Italiýanyň «Inter», Türkiýäniň «Galatasaraý» we «Beşiktaş», Sankt-Peterburgyň «Zenit» hem-de Kiýewiň «Dinamo» toparlaryna tälim berdi.

Mirça Luçesku özüniň dowamly karýerasy bilen futbol taryhynda iň köp kubok gazanan tälimçileriň biri hökmünde ýatda galar.


şu gün 19:10
2.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 10:53
5.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
5.2k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.4k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....