Margo Robbi Chanel-iň mahabat kampaniýasynda meşhur klipi janlandyrdy

  • 08.04.2026 11:03
  • 3.9k+

Tanymal aktrisa Margo Robbi Kaýli Minouguň «Come Into My World» («Meniň dünýäme gel») atly şekilli aýdymyndan ylhamlanyp taýýarlanan Chanel mahabat kampaniýasyna gatnaşdy. Režissýor Mişel Gondri Chanel 25 torbalar toplumyny mahabatlandyrmak üçin meşhur klipi esas edindi.

Wideoda Robbi dürli keşplerde Parižiň köçelerine aýlanyp, aýdymdaky hereketleri gaýtalaýar. Mahabatda Kaýli Minouguň özüniň hem gysga wagtlyk çykyş edýän ýeri bar. 

Robbi Vogue žurnalyna beren interwýusynda şekilli aýdyma çagalyk ýyllarynda tomaşa edendigini we ondaky pursatlaryň döredilişiniň täsindigine haýran galandygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, mahabat kampaniýasynyň maksady, klipdäki özboluşly tärleri gaýtadan dikeltmek bolup durýar.

Galyberse-de, bu işiň Gondriniň Chanel bilen ilkinji taslamasy däldigini-de bellemek gerek. Režissýor mundan ozal A$AP Rocky we Margaret Kuolli bilen hem mahabat wideolaryny düşüripdi.

Mundan başga-da, dekabr aýynda Chanel brendi BTS toparynyň agzasy Çongugy özüniň täze ilçisi diýip yglan etdi. Aýdymçy bu hyzmatdaşlyk barada: «Men üçin Chanel — özüniň üýtgewsiz mirasyny saklap, şol bir wagtda häzirki zaman meýillerine görä yzygiderli ösýän täzelikçi moda öýüdür. Artist hökmünde öz stilime wepaly galyp, täze synaglary kabul edýärin. Şol sebäpli-de, Chanel bilen hyzmatdaşlyk menin üçin aýratyn ähmiýete eýedir» diýip gürrüň berdi.


düýn 21:09
464

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:18
3.6k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....