Tim Szýu WBO International guşagyny eýeledi

  • 07.04.2026 00:00
  • 6.7k+

Awstraliýaly boksçy Tim Szýu orta agram derejesinde WBO International çempiony tituly ugrundaky tutluşykda albaniýaly boksçy Denis Nurjuny ýeňdi.

Awstraliýada geçen on raundlyk tutluşygyň netijeleri boýunça eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen Szýu ýeňiş gazanyp, bu titulyň eýesi boldy.

Tim Szýunyň hasabynda indi professional ringde 27 ýeňiş we üç ýeňliş bar. Nurju bolsa mundan ozal 20 ýeňiş gazanyp, ilkinji gezek ýeňildi.

WBO-nyň öňki çempiony Tim Szýu dünýäniň öňki absolýut çempiony Konstantin Szýunyň ogludyr.

WBO International tituly — bu Bütindünýä boks guramasy (WBO) tarapyndan tassyklanýan professional boksda abraýly sebit titulydyr. Ol WBO-nyň «doly hukukly» dünýä çempiony titulyna gatnaşykda ikinji derejeli hasaplanýar we boksçular üçin, köplenç, reýtingde ýokary galmaga hem-de guramanyň esasy guşagy ugrundaky söweşe hökmany dalaşgär statusyny almaga gönükdirilen basgançak bolup hyzmat edýär.


30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....