Ýarymaý şekilli Ýer: NASA «Orion» gämisinden düşürilen suraty görkezdi

  • 04.04.2026 09:23
  • 3.9k+

NASA «Artemis II» Aý missiýasynyň çäklerinde «Orion» kosmos gämisiniň bortundan alnan suraty hödürledi. Surata birbada seredeniňde Aý diýdirjek ýarymaý görnüşindäki Ýer şary şekillendirilipdir. Bu 1972-nji ýylda «Apollo» maksatnamasy tamamlanany bäri, adamyň öz planetasyny şeýle uzak aralykdan gören ilkinji pursatydyr.

3-nji aprelde «Orion» gämisiniň ekipažy Aýa tarap uçuşy dowam etdirmäge rugsat aldy. Bu hereketden soň, astronawtlar alty sagatlyk barlag-gözleg meýilnamasyna taýýarlyk görmäge başlady.

Geçiriljek gözegçilikler Aýyň we Gün ulgamynyň nähili emele gelendigine has gowy düşünmäge kömek eder diýlip garaşylýar. Şeýle hem Ýeriň hemrasynyň üstüni — kraterleri, gadymy lawa akymlaryny, jaýryklary we dag gerişlerini öwrenmek meýilleşdirilýär.

NASA «Orion» gämisiniň mundan başga-da düşüren birnäçe suratlaryny paýlaşdy. Olarda Ýer şarynyň garaňky tarapyny hem-de ýarysy garaňkylyga bürenen ýagdaýyny görüp bolýar.

«Artemis II» missiýasy 2-nji aprelde ir säher bilen ABŞ-nyň Kanaweral burnundaky kosmodromdan uçdy. Bu soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde Ýere golaý orbitanyň çäklerinden daşyna ilkinji uçarmanly uçuşdyr. Ekipažyň düzümine dört astronawt girýär. Uçuş Aýa gonmazdan, erkin dolanyş traýektoriýasy boýunça amala aşyrylýar.


31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

30.05.2026 20:46
2.5k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....

30.05.2026 01:11
1.4k+

NASA Aý missiýalary üçin döreden aşa çydamly we arzan materialyny synagdan geçirdi

NASA-nyň Glenn barlag merkezinde Aý tozanynyň meňzeşinden gyzgynlyga çydamly we ykdysady taýdan bähbitli täze bir material işlenip düzüldi. Ol geljekki Aý missiýalarynda kosmonawtlaryň enjamlaryny goramak we......

28.05.2026 19:00
1.1k+

NASA Aý bazasynyň ilkinji missiýalary üçin Blue Origin kompaniýasyny saýlady

NASA 2026-njy ýylda Aýa tarap guraljak üç sany uçarmansyz uçuşy mälim etdi we gymmaty 20 milliard dollar bolan Aý bazasyny döretmek maksatnamasynyň ilkinji missiýalary üçin Blue Origin kompaniýasyny saýlady....