Gattuzo Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden çekildi, ýurduň Futbol Federasiýasynyň başlygy hem yzyna eýerdi

  • düýn 23:07
  • 1k+

Italiýanyň milli ýygyndysy Jennaro Gattuzonyň baş tälimçi wezipesinden gidýändigini yglan etdi. Bu karar topar 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanmak ugrundaky soňky pleý-off oýnunda ýeňlenden soň kabul edildi.

Italiýanyň Futbol Federasiýasynyň prezidenti Gabriele Grawina hem wezipesinden gitdi. Milli ýygyndynyň wekiliýetiniň başlygy wezipesini eýelän Janluiji Buffon hem topardan gitdi.

31-nji martda geçirilen aýgytlaýjy duşuşykda Italiýanyň topary Bosniýa we Gersegowinanyň toparyndan ýeňildi. Oýnuň esasy wagty 1:1 hasap bilen tamamlandy. Bosniýanyň futbolçylary penaltiler seriyasynda 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Bu ýeňlişden soň, Italiýa Dünýä çempionatyna gatnaşmaga saýlanyp bilmedi we ýaryşy yzly-yzyna üçünji gezek sypdyrar - bu topar ozal 2018-nji we 2022-nji ýyllarda hem saýlanyp bilmändi.

48 ýaşly Jennaro Gattuzo 2025-nji ýylyň iýun aýynda “Skuadru adzurru” toparynyň tälimçisi wezipesine geçdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar sekiz oýna gatnaşdy, olaryň altysynda ýeňiş gazandy we ikisinde ýeňildi, gollaryň arasyndaky tapawut bolsa 23:14 boldy.

Gattuzo mundan öň Horwatiýanyň "Haýduk ", Italiýanyň "Palermo", "Piza", "Milan" we "Napoli", Şweýsariýanyň "Sýon", Gresiýanyň OFI, Ispaniýanyň "Walensiýa" we Fransiýanyň "Marsel" toparlarynda tälimçi bolup işledi. Onuň ýolbaşçylygynda "Napoli" 2020-nji ýylda Italiýanyň Kubogyny gazandy.

Sky Sport Italia neşiriniň habar bermegine görä, baş tälimçi wezipesine dalaşgärleriň arasynda Massimiliano Allegri we Antonio Konten göz öňünde tutulýar.


düýn 20:48
3k+

Messi, Ronaldu, Mbappe we Winisius bir wideoda LEGO-nyň täze toplumynyň mahabatynda düşdüler

Futbol ýyldyzlary — Lionel Messi, Kriştianu Ronaldu, Kilian Mbappe we Winisius Žunior 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan mahabat wideosyna gatnaşdylar....

düýn 19:30
1.5k+

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi resmi taýdan başlanýar. Nobatdaky çempionatda sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi»,......

02.04.2026 19:36
4.2k+

Iňlis janköýerleriniň 91%-i VAR ulgamyna garşy çykyş etdi

Angliýadaky futbol janköýerleriniň agramly bölegi eminlere wideogözegçilik kömegi ulgamynyň (VAR) ulanylmagyna oňaýsyz baha berýärler. Bu barada Futbol janköýerleriniň birleşiginiň geçiren pikir soraşmasynyň......

01.04.2026 23:41
3.4k+

«Tottenhem» De Dzerbini baş tälimçi belledi. Onuň bilen «uzak möhletleýin» şertnama baglaşyldy

Londonynyň «Tottenhem Hotspur» futbol kluby Roberto De Dzerbininiň baş tälimçi wezipesine bellenendigini yglan etdi. Klub italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnamanyň «uzak möhletleýin» häsiýete eýedigini......