Dünýäniň iň gowy howa menzilleri we awiakompaniýalary saýlandy

  • şu gün 14:42
  • 1.8k+

Skytrax britan konsalting kompaniýasy we AirlineRatings.com halkara portaly dünýäniň iň gowy howa menzilleriniň we awiakompaniýalarynyň ýyllyk reýtingini hödürledi. Bu barada reýtingi düzenleriň resmi saýtlarynda habar berilýär.

Reýtinge görä, 2026-njy ýylda dünýäniň iň gowy bäş howa menzili Aziýada ýerleşýär. Singapuryň Changi Airport howa menzili bu sanawyň lideri boldy. Ol bu baýragy taryhda 14-nji gezek alýar.

Onuň yzyndan Incheon International Airport (Seul, Günorta Koreýa), Tokyo International Airport (Haneda) (Tokio, Ýaponiýa), Hong Kong International Airport (Gonkong) we Narita International Airport (Narita, Ýaponiýa) gelýär.

Iň gowy howa menzilleriniň arasynda Merkezi Aziýadan Gazagystanyň Astana International Airport we Almaty howa menzilleri hem bar. Olar reýtingde Barselona we Ankara ýaly aeroportlardan öňe geçdi.

Ýewropada bolsa 2026-njy ýylyň lideri, öňki üç ýylda bolşy ýaly, Pariziň Charles de Gaulle howa menzili boldy. Dünýä reýtinginde ol altynjy orunda ýerleşdi. Şeýle hem ilkinji onluga Fiumicino (Rim, ýedinji orun), Istanbul Airport (Stambul, sekizinji orun) we Munich Airport (Mýunhen, dokuzynjy orun) girdi.

2026-njy ýylda dünýäniň doly hyzmatly iň gowy awiakompaniýasy Qatar Airways boldy. Doly hyzmat diýlip, köp hyzmatlar üçin aýratyn tölenilýän pes býujetli gatnawlardan tapawutlylykda, uçar bortunda we howa menzilinde hyzmatlaryň giň toplumynyň hödürlenilmegi göz öňünde tutulýar.

Bu reýtingde hem Aziýa agdyklyk etdi. Ikinji orny Cathay Pacific, üçünjini — Singapore Airlines, dördünjini — Korean Air, bäşinjini bolsa STARLUX Airlines eýeledi.

Ýewropada iň ýokary bahany Turkish Airlines kompaniýasy aldy (dünýä reýtinginde ýedinji orun). Ondan soňra Virgin Atlantic (13-nji orun), KLM (18-nji orun), Air France (19-njy orun) we LOT Polish Airlines (25-nji orun) gelýär. Gibrid awiakompaniýalaryň (ugra görä garyşyk hyzmatlar) arasynda bolsa Lufthansa lider boldy.

Şeýle hem Ýewropanyň iň gowy gibrid awiakompaniýalarynyň sanawyna SWISS, Finnair, British Airways, TAP Portugal, Iberia, Air Europa, SAS, Austrian Airlines we ITA Airways girdi.


15.09.2025 18:46
26k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň 1-nji sentýabrdan güýje giren täze tertibini neşir etdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan güýje giren içerki uçar gatnawlarynyň täzelenen tertibini çap etdi. Täze tertibe görä, awiakompaniýa Aşgabat - Daşoguz, Aşgabat - Türkmenabat, Aşgabat - Türkmenbaşy we Aşgabat - Mary ugurlary boýunça gündelik uçuşlary ýerine ýetirýär...

11.08.2025 17:27
10k+

11-nji awgustdan Aşgabatdan Türkmenbaşa awtobus gatnawlarynyň sany artdyryldy

«Awtomobil ulag hyzmatlary» AGPJ Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça hereket edýän awtobus gatnawlarynyň sanyny üçe çenli artdyrdy. Awtobuslar Aşgabatdaky Halkara awtomenzilinden sagat 10:00, 10:30, 11:00 ugrap, Türkmenbaşy şäherindäki awtomenzile 21:00, 21:30, 22:00 barýarlar...

28.07.2025 14:28
18k+

Eýran Maşat-Mary ugry boýunça demir ýol gatnawyny işe girizmek meýilleri barada aýtdy

Eýran üç sany täze halkara demirýol ugruny işe girizmek meýilnamasyny mälim etdi. Olaryň arasynda Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Maşat şäheri bilen Türkmenistanyň Mary şäheriniň arasyndaky gatnaw hem bar. Bu barada Eýranyň Milli demirýol kompaniýasynyň (RAJA) baş direktory Jabbar Ali Zakeri "Borna news" agentligine habar berdi...

25.06.2025 16:32
11k+

Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik awtobus gatnawy ýola goýuldy

25-nji iýundan başlap «Awtomobil Ulag Hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugry boýunça ikinji gündelik gatnawyny ýola goýýar. Bu barada "Türkmenawtoulaglary" agentligi habar berýär...