Gattuzo Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden çekildi

  • 03.04.2026 23:07
  • 4.4k+

Italiýanyň milli ýygyndysy Jennaro Gattuzonyň baş tälimçi wezipesinden gidýändigini yglan etdi. Bu karar topar 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanmak ugrundaky soňky pleý-off oýnunda ýeňlenden soň kabul edildi.

Italiýanyň Futbol Federasiýasynyň prezidenti Gabriele Grawina hem wezipesinden gitdi. Milli ýygyndynyň wekiliýetiniň başlygy wezipesini eýelän Janluiji Buffon hem topardan gitdi.

31-nji martda geçirilen aýgytlaýjy duşuşykda Italiýanyň topary Bosniýa we Gersegowinanyň toparyndan ýeňildi. Oýnuň esasy wagty 1:1 hasap bilen tamamlandy. Bosniýanyň futbolçylary penaltiler seriyasynda 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Bu ýeňlişden soň, Italiýa Dünýä çempionatyna gatnaşmaga saýlanyp bilmedi we ýaryşy yzly-yzyna üçünji gezek sypdyrar - bu topar ozal 2018-nji we 2022-nji ýyllarda hem saýlanyp bilmändi.

48 ýaşly Jennaro Gattuzo 2025-nji ýylyň iýun aýynda “Skuadru adzurru” toparynyň tälimçisi wezipesine geçdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar sekiz oýna gatnaşdy, olaryň altysynda ýeňiş gazandy we ikisinde ýeňildi, gollaryň arasyndaky tapawut bolsa 23:14 boldy.

Gattuzo mundan öň Horwatiýanyň "Haýduk ", Italiýanyň "Palermo", "Piza", "Milan" we "Napoli", Şweýsariýanyň "Sýon", Gresiýanyň OFI, Ispaniýanyň "Walensiýa" we Fransiýanyň "Marsel" toparlarynda tälimçi bolup işledi. Onuň ýolbaşçylygynda "Napoli" 2020-nji ýylda Italiýanyň Kubogyny gazandy.

Sky Sport Italia neşiriniň habar bermegine görä, baş tälimçi wezipesine dalaşgärleriň arasynda Massimiliano Allegri we Antonio Konten göz öňünde tutulýar.


şu gün 10:53
1.9k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.2k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......