Dmitriý Biwol Ýekaterinburgda Mihael Eýfert bilen titul urşuny geçirer

  • 01.04.2026 16:05
  • 3.2k+

Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) we Halkara boks federasiýasynyň (IBF) ýarym agyr agram boýunça dünýä çempiony, russiýaly Dmitriý Biwol germaniýaly Mihael Eýfert bilen titul ugrunda göreşer. Bu barada «Matchroom Boxing» metbugat gullugy habar berdi.

Tutluşyk 30-njy maýda Ýekaterinburg şäheriniň «UGMK-Arena» desgasynda geçiriler we ol RCC ýaryşynyň esasy wakasy bolar.

Biwolyň hasabynda 24 ýeňiş (12-si nokaut bilen) we bir ýeňliş bar. Ol 2024-nji ýylyň oktýabrynda watandaşy Artur Beterbiýewden ýeňlipdi, ýöne 2025-nji ýylyň fewralynda ondan rewanş almagy başardy.

Biwolyň garşydaşy, 28 ýaşly Mihael Eýfertiň hasabynda 13 ýeňiş we bir ýeňliş bar. Nemes boksçysy häzirki wagtda Biwola degişli bolan IBF guşagyna hökmany dalaşgärdir.


15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....