Microsoft ulanyjylara Windows-da täzelenmeleri yza süýşürmäge rugsat berer

  • 01.04.2026 11:12
  • 665

Microsoft kompaniýasy Windows ulgamynyň täzelenme ulgamyndaky üýtgeşmeleri yglan etdi. Geljekde ulanyjylar täzelenmeleri gurnamagy zerur bolan möhlete çenli wagtlaýyn togtadyp bilerler we kompýuteri mejbury öçürip-ýakmasyz täzeden işledip bilerler. Bu barada Windows ugrunyň ýolbaşçysy Pawan Dawuluri habar berdi.

"The Verge" neşiriniň maglumatyna görä, bu karar ulanyjylar tarapyndan bildirilýän tankydy bellikleriň ýygy-ýygydan ýüze çykmagy sebäpli kabul edildi.

Ozal täzelenmeler köplenç awtomatiki usulda gurnalýardy, bu bolsa kompýuteriň öz-özünden täzeden işlemegine we maglumatlaryň ýitmegine sebäp bolýardy. Şeýle hem dürli programmalaryň we Edge brauzeriniň mejbury hödürlenmegi bilen bagly ýagdaýlar hem bellenilipdi.

Indi mejbury täzeden işe girizmeleri azaltmak — aýda bir gezekden köp bolmazlygy meýilleşdirilýär. Şol bir wagtda, ulanyjylar isleseler täzelenmeleri has çalt alyp bilerler.

Kompaniýa şeýle hem ulgamyň işini gowulandyrmagy: programmalaryň açylyşyny çaltlandyrmagy, ýat (RAM) ýüküni azaltmagy, näsazlyklaryň sanyny azaltmagy we durnuklylygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Enjamlaryň ilkinji sazlamalary hem ýönekeýleşdiriler — täzelenmeleri geçirmek we iş stoluna has çalt geçmek mümkinçiligi peýda bolar.


21.05.2026 23:48
1k+

Microsoft täze we örän gymmat Surface planşetlerini we noutbuklaryny hödürledi

Microsoft kompaniýasy korporatiw alyjylar üçin niýetlenen, Intel-iň täze Panther Lake prosessorlary bilen üpjün edilen täze Surface Pro 12 planşetlerini we Surface Laptop 8 noutbuklaryny hödürledi....

21.05.2026 13:59
2.6k+

Microsoft dürli ýurtlarda EA-nyň ornaşdyrylyş derejesine baha berdi: ABŞ bilen Hytaý, ilkinji 20-lige hem girmedi

2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Birleşen Arap Emirlikleri we Singapur emeli aňyň ornaşdyrylyşynda öňdebaryjy boldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Hytaý emeli aňyň ornaşdyrylmagy boýunça ilkinji 20 ýurduň......

11.05.2026 20:26
1k+

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

29.04.2026 18:34
2.9k+

Microsoft «Fairwater» atly dünýäniň iň uly maglumat merkezini işe girizdi

Microsoft kompaniýasy Wiskonsin ştatynda (ABŞ) ýörite emeli aň üçin niýetlenen, dünýädäki iň uly «Fairwater» maglumat merkeziniň möhletinden öň ulanmaga berlendigini mälim etdi....