2026-njy ýylyň Halkara Buker baýragyna dalaşgärler mälim edildi

  • 01.04.2026 10:41
  • 985

Halkara Buker baýragynyň guramaçylary 2026-njy ýyl üçin finalçylaryň «gysga sanawyny» yglan etdiler. Bu abraýly baýrak diňe bir edebi şöhraty däl, eýsem awtorlar we terjimeçiler üçin uly möçberli pul sylagyny hem wada berýär.

Finalçylaryň sanawy:

  • Mari Ndiýaý – «Arwah» («Ведьма»);
  • Ana Paula Maýa – «Ýer ýüzünde, bolşy ýaly» («На Земле как она есть»);
  • Daniel Kelman – «Režissýor» («Режиссёр»);
  • Rene Karabaş – «Şol, galan zenan» («Та, кто остаётся»);
  • Şida Bazýar – «Tähranda ümsüm gijeler» («В Тегеране тихие ночи»);
  • Ýan Şuan-szy –«Taýwan syýahatnamasy» («Тайваньский травелог»).

Ýeňiji bolan kitap üçin jemi 65 000 dollar töweregi (50 000 funt sterling) pul sylagy berilýär. Bu serişde awtor bilen terjimeçiniň arasynda deň (32 500 dollardan) bölünýär.

Gysga sanawa giren her bir kitaba takmynan 6 500 dollar (5 000 funt sterling) berilýär. Bu pul hem awtor we terjimeçi üçin deň (3 250 dollardan) paýlanýar.

Ýeňijiniň ady 19-njy maýda Londonyň «Teýt Modern» muzeýinde geçiriljek dabarada mälim ediler.

2026-njy ýylyň baýragy «Bukhman Philanthropies» gaznasynyň goldawy bilen geçirilýär.


17.06.2026 11:22
942

VIII Halkara Mahmyt Kaşgarly Hekaýa bäsleşigine hekaýalar kabul edilýär

Ýewraziýa Ýazyjylar Birleşiginiň döredilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli guralan VIII Halkara Mahmyt Kaşgarly Hekaýa bäsleşigine hekaýalar kabul edilip başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi......

17.06.2026 10:36
2.1k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

15.06.2026 15:41
1.9k+

«Tagtlar oýny» romanyny 30 ýyllygy mynasybetli aždarha derisinden jiltläp, gaýta neşir ederler

Folio Society neşirýaty Jorj R. R. Martiniň «Tagtlar oýny» («Игра престолов») romanynyň kaşaň görnüşli kolleksiýa neşiriniň çykaryljagyny yglan etdi. Kitabyň çykmagy meşhur fentezi tapgyrynyň başlangyjy bolan......

02.06.2026 20:48
1.6k+

Şerlok Holmsuň älemindäki professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler

Artur Konan Doýluň kitaplaryndaky Şerlok Holmsyň äleminden ady belli duşman bolan professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler. Taslama klassiki gahrymanyň keşbiniň häzirki zaman äheňinde gaýtadan......