PlayStation 5 oýun enjamlary 100–150 dollar gymmatlar

  • 28.03.2026 23:30
  • 4k+

Sony kompaniýasy «dünýä ykdysadyýetindäki dartgynly ýagdaý» sebäpli, 2-nji aprelden başlap PlayStation 5 oýun enjamlarynyň bahasyny ýokarlandyrjakdygyny yglan etdi.

ABŞ-da disk salyp bolýan görnüşiniň bahasy 550 dollardan 650 dollara çenli ýokarlanar. PS5 Digital Edition görnüşiniň bahasy bolsa 100 dollar gymmatlap, 600 dollara ýeter.

PS5 Pro modeli (Sony konsolynyň iň güýçli görnüşi) 150 dollar gymmatlar we onuň bahasy 850 dollar bolar.

Şeýle hem, PlayStation Portal Remote Player enjamynyň (PS5-den oýunlary striming arkaly oýnamak üçin enjam) bahasy 200 dollardan 250 dollara üýtgär.

«Bahalaryň üýtgemeginiň biziň jemgyýetimize täsir edýändigine düşünýäris, ýöne düýpli seljermelerden soň, bütin dünýädäki oýunçylara innowasion we ýokary hilli oýun mümkinçiliklerini hödürlemegi dowam etdirmek üçin munuň zerur ädimdigi baradaky netijä geldik» – diýip, Sony kompaniýasy mälim etdi.

PlayStation 5 2020-nji ýylyň noýabrynda, Pro görnüşi bolsa 2024-nji ýylyň noýabrynda satuwa çykaryldy. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli 92,2 million konsol satyldy. PlayStation Network ulgamynyň aýlyk ulanyjylarynyň sany 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli 132 milliona ýetdi.


22.06.2026 14:49
1.7k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

08.06.2026 16:23
2k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

29.05.2026 11:34
6.1k+

«EA Sports FC 26» oýnuna 2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty režimi goşuldy

Electronic Arts kompaniýasy 2026-njy ýyldaky futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «EA Sports FC 26» oýny üçin uly täzelenmäni çykardy....

22.05.2026 20:52
3.2k+

GTA VI-nyň noýabrda çykjakdygy resmi taýdan tassyklandy

GTA VI oýnunyň çykjak senesi gutarnykly tassyklanyldy — oýun 2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda elýeterli bolar. Bu barada Take-Two kompaniýasy özüniň maliýe hasabatynda resmi ýagdaýda yglan etdi....