Samsung täze çipler, kameralar we IP68 goragy bilen Galaxy A37 we A57 modellerini hödürledi

  • 28.03.2026 17:48
  • 7k+

Samsung kompaniýasy Galaxy A36 we A56 modelleriniň ýerini tutjak Galaxy A37 we A57 smartfonlaryny hödürledi. «GSMArena» neşiriniň habar bermegine görä, täze modeller has çydamly korpusa, ýokary öndürijilige hem-de kämilleşdirilen kamera we emeli aň funksiýalaryna eýe boldy.

Uly model Galaxy A57 kämilleşdirilen grafika we neýron blogy bolan 4 nanometrlik Exynos 1680 prosessorynda işleýär. Operatiw ýadyň göwrümi 12 GB, içerki ýadyňky bolsa 512 GB ýetýär. Smartfonyň durnukly işlemegi üçin ulaldylan sowadyş ulgamy ulanylýar. Smartfon öňkülerden has inçe we ýeňil boldy — onuň galyňlygy 6,9 mm, agramy bolsa 179 g (ozalky modeliňki, degişlilikde, 7,4 mm we 198 g).

Galaxy A37 modeli bolsa Exynos 1480 prosessory, 8 GB çenli operatiw ýat we 256 GB çenli içerki ýat bilen enjamlaşdyryldy. Onuň korpusy we ölçegleri üýtgewsiz galdy.

Iki model hem IP68 standarty boýunça suwdan we tozandan goragly (ozal IP67 ulanylýardy). Enjamlar 120 Gs ýygylykly 6,7 dýuýmlyk ekranlar we Gorilla Glass Victus+ gorag aýnasy bilen üpjün edildi.

Smartfonlar esasy kamerasy 50 Mp bolan täzelenen üçli kameranyň kömegi bilen hatda garaňkylykda-da suratlary aýdyň düşürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de, Galaxy A57-de 12 Mp, A37-de bolsa 8 Mp giň burçly modul we makrokameralar hem-de 12 Mp frontal kameralar bar.

Smartfonlar goşmaça zarýad bermezden iki gün işlemegi üpjün edýän 5000 mAs sygymly batareýa bilen enjamlaşdyryldy. 45 Wt çalt zarýad alyş bolsa ýarym sagatda batareýany 60% zarýadlandyrmaga mümkinçilik berýär. Satuwlar bazara baglylykda 9–10-njy aprelde başlar.

ABŞ-da Galaxy A37-niň bahasy 450 dollardan başlaýar, Galaxy A57-niň başlangyç görnüşi bolsa 550 dollara düşer. Ýewropada täze modelleriň bahasy, degişlilikde, 430 ýewro we 530 ýewro bolar.


düýn 11:01
2.8k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

15.06.2026 07:51
2.2k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....