Spotify-da aýdymlaryň döreýiş taryhyny öwrenmek üçin täze funksiýa peýda boldy

  • 28.03.2026 15:36
  • 933

Spotify platformasy saz eserleriniň döredilmegine kimiň we nähili gatnaşandygyny bilmäge mümkinçilik berýän täze "SongDNA" funksiýasyny tanyşdyrdy. Häzirki wagtda bu mümkinçilik diňe "Premium" abunasy bolan ulanyjylar üçin elýeterlidir.

Bu funksiýanyň kömegi bilen ýazgy edilen wagty gatnaşanlaryň sanawyny görmäge, sazyň ýaňlanmasyny emele getiren sempller barada öwrenmäge, şeýle hem aýdyma ýerine ýetirilen kawer (cover) wersiýalaryny tapmaga mümkinçilik bar.

"Siz görkezilen islendik awtoryň sahypasyna geçip, olaryň ýene kimler bilen işleşendigini bilip we bilelikdäki taslamalaryny öwrenip bilersiňiz. Bu aýdymlaryň arasyndaky baglanyşygy yzarlamagyň, ýerine ýetirijileriň, döwürleriň we žanrlaryň nähili utgaşýandygyny görmegiň interaktiw usulydyr. Şeýlelikde, diňleýän zatlaryňyzyň nähili döredilendigine has içgin düşüniň" diýip, Spotify mälim etdi.

Şol bir wagtda, bu funksiýa ähli aýdymlar üçin goldanylmaýar, sebäbi aýdymçylar öz sazlary baradaky haýsy maglumatlary aýan etmelidigini özleri kesgitleýärler.

Täze funksiýa 2026-njy ýylyň fewralynda hödürlenen we eserleriň döreýiş sebäpleri hem-de manysy barada gürrüň berýän "Bu aýdym barada" (About this song) funksiýasyna meňzeşdir.

Şeýle hem, hyzmat häzirki wagtda sazandalara öz täze aýdymlaryny çap edilmezinden ozal gözden geçirmäge mümkinçilik berýän "Aýdymçynyň profilini goramak" (Artist Profile Protection) ulgamyny synagdan geçirýär.


düýn 21:09
464

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:18
3.6k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....