Meta Mark Sukerbergiň emeli aň ekiztaýyny döredýär

  • 27.03.2026 08:24
  • 1.9k+

Meta kompaniýasynyň baş direktory Mark Sukerberg kompaniýany dolandyrmaga kömek etjek we wezipeleriň ýerine ýetirilişini çaltlandyrjak şahsy emeli aň agentini işläp düzýär.

The Wall Street Journal neşiriniň habar bermegine görä, munuň ýaly agent maglumat gözlemekden başlap, gündelik işleri guramaga çenli hereketleri özbaşdak meýilleşdirip hem ýerine ýetirip biler.

Bu täze taslama Sukerberge hasap-hesiplere göz aýlaman ýa-da dolandyryş düzümini işletmän, zerur maglumatlary derrew kabul etmäge şert döreder. Taslama Meta-nyň iş ýagdaýlaryna emeli añy ornaşdyrmak we dolandyryş basgançaklaryny azaltmak boýunça giň göwrümli maksatnamasynyň bir bölegidir. Sukerberg çärýekleýin hasabat wagtynda: «Biz aýratyn hünärmenleriň ornuny güýçlendirýäris we toparlary has ýönekeýleşdirýäris. Eger biz muny başarsak, meniň pikirimçe, has köp zada ýetip bileris we iş öňkiden gyzykly gider» diýip belledi.

Kompaniýanyň işgärleriniň eýýämden maglumat gözlemek, ulgama salmak we şahsy kömekçiler hökmünde emeli aň gurallaryny ulanýandyklary hakynda habarlar eşidilip başlandy. Şol bir wagtda Meta gürrüňi edilýän EA agentleriň biri-biri bilen aragatnaşyk saklap biljek platformalaryny hem ösdürýär.


24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....