Dünýäniň onlarça awtobrendi Melburn awtosalony – 2026 üçin öz täze modellerini taýýarlaýar

  • 26.03.2026 20:58
  • 3.8k+

2026-njy ýylyň 10-12-nji apreli aralygynda Melburnda (Awstraliýa) abraýly awtosalon geçiriler. Şäheriň Halkara sergi merkeziniň meýdançasynda ýigrimä golaý awtomobil brendi we awtomobillere hyzmat ediş ulgamynda işleýän kyrkdan gowrak kompaniýa öz önümlerini tanyşdyrar.

Gatnaşyjylaryň arasynda BYD, Kia, Volvo, Volkswagen, GWM, Geely, Renault, Tesla, Honda, JAC, GAC, Zeekr, Farizon, MG, Polestar, Skoda, Smart we Isuzu ýaly brendler bar.

Şol bir wagtyň özünde, birnäçe iri öndürijiler bu sergä gatnaşmaz. Olaryň sanawynda Toyota, Ford, Mazda, Hyundai, Mitsubishi, Chery, BMW, Audi we Porsche bar.

Guramaçylar awtosalonda täze modelleriň dünýä derejesindäki premýeralarynyň meýilleşdirilendigini habar berýär. Sergide GAC Aion UT krossoweriniň, ýolsuz ýerde sürmek üçin GWM Tank 300 PHEV gibrid awtomobiliniň, täzelenen Honda Prelude kupesiniň, şeýle hem Honda Super One modeliniň görkezilmegine garaşylýar.

MG brendiniň diwarlygyna aýratyn üns berler. Kompaniýa MG 4 Urban şäher hetçbegini, orta derejeli elektrik krossowerini we MG U9 pikapynyň täze wersiýasyny hödürlär.


düýn 12:20
2.8k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.7k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......