«Sora bilen hoşlaşýarys»: OpenAI wideo-generatoryny ýapyp, Disney bilen hyzmatdaşlygyny bes edýär

  • 26.03.2026 16:57
  • 1.5k+

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kömegi bilen surat we wideo döretmek üçin niýetlenen Sora taslamasyny ýapmak barada netijä geldi. Şunuň bilen baglylykda, Disney kompaniýasy OpenAI bilen baglaşan 1 milliard dollarlyk şertnamasyndan ýüz öwürdi diýip, «Variety» neşiri habar berýär.

Çeşmeleriň maglumatyna görä, OpenAI-yň baş direktory Sem Altman bu çözgüt barada işgärlerine 24-nji martda mälim edipdir. Taslamanyň ýapylmagynyň sebäpleri resmi taýdan aýan edilmedi. Kompaniýa ulanyjylara we işläp düzüjilere minnetdarlyk bildirip, bu habaryň lapykeçlik döredip biljekdigine düşünýändiklerini belledi.

«Biz Sora bilen hoşlaşýarys. Sora-nyň kömegi bilen döreden, paýlaşan we onuň töwereginde jemgyýetçiligi emele getirenleriň hemmesine sagbolsun aýdýarys. Siziň Sora bilen amala aşyran işleriňiz örän möhümdi we bu täzeligiň lapykeç edip biljekdigine düşünýäris» — diýlip, «Sora» toparynyň beýanatynda aýdylýar. 

Işläp düzüjiler, şeýle hem, programmanyň we API-niň iş möhletleri, şeýle hem döredilen materiallary saklap galmagyň usullary barada maglumatlary soňrak berjekdiklerini habar berdi.

Sora 2024-nji ýylda tekst beýany esasynda gysga wideolary döretmäge ukyply gural hökmünde tanyşdyrylypdy. 2025-nji ýylda bolsa onuň täzelenen Sora 2 wersiýasy çykdy.

Üç aý mundan ozal OpenAI we Disney üç ýyl möhlet bilen ylalaşyk baglaşdy. Taslama laýyklykda, Sora-nyň kontent döretmek üçin Disney, Pixar, Marvel we Star Wars gahrymanlaryny ulanmagy hem-de olaryň bir böleginiň «Disney+» platformasynda ýerleşdirilmegi meýilleşdirilipdi.

Mundan başga-da, Disney kompaniýasy OpenAI-a 1 milliard dollar maýa goýmagyň mümkinçiligine seredýärdi. Sora-nyň ýapylmagy baradaky çözgütden soň, bu meýilnamalar ýatyryldy.

«Emeli aňyň täze döräp başlan ugrunyň çalt ösýändigi sebäpli, biz OpenAI-yň wideo-kontent döretmek işinden çekilmek we öz ileri tutýan ugurlaryny başga tarapa gönükdirmek baradaky çözgüdine hormat goýýarys. Biz toparlarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyga we onuň üsti bilen öwrenen tejribelerimize ýokary baha berýäris» — diýip, Disney tarapyndan mälim edildi.


21.06.2026 16:10
3.4k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......