Londonda Minecraft äheňinde dünýäde ilkinji dynç alyş seýilgähi gurlar

  • 25.03.2026 17:02
  • 2.6k+

Londondaky «Chessington World of Adventures» seýilgähiniň çäginde 2027-nji ýylda «Minecraft World» tematiki seýilgähi açylar. Variety neşiriniň habar bermegine görä, desganyň gurluşygynyň bahasynyň 70 million dollar töweregi bolmagyna garaşylýar.

Taslamany işläp düzmek bilen «Mojang Studios» we «Merlin Entertainments» kompaniýalary meşgullanar. Bu meşhur «Minecraft» wideo oýnunyň äheninde dörediljek dünýädäki ilkinji dynç alyş seýilgähi bolar.

Taslamanyň suratlandyrmasynda bellenilişi ýaly, «Minecraft World ähli döwürleriň iň köp satylan oýnuny fiziki dünýä geçirer».

Seýilgähiň çäginde attraksionlary gurmak, interaktiw kwestleri we oýundaky bloklar stilinde bezelen oýun zolaklaryny döretmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de bu ýerde tematiki dükanlar we restoranlar hem açylar.

«Minecraft World» taslamasynyň awtorlary bu giňişligi oýnuň wirtual älemine mümkin boldugyça meňzetmegi we gelýänlere onuň özboluşly gurşawyny duýdurmagy maksat edinýärler.


22.06.2026 14:49
1.7k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

08.06.2026 16:23
2k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

29.05.2026 11:34
6.1k+

«EA Sports FC 26» oýnuna 2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty režimi goşuldy

Electronic Arts kompaniýasy 2026-njy ýyldaky futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «EA Sports FC 26» oýny üçin uly täzelenmäni çykardy....

22.05.2026 20:52
3.2k+

GTA VI-nyň noýabrda çykjakdygy resmi taýdan tassyklandy

GTA VI oýnunyň çykjak senesi gutarnykly tassyklanyldy — oýun 2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda elýeterli bolar. Bu barada Take-Two kompaniýasy özüniň maliýe hasabatynda resmi ýagdaýda yglan etdi....