Almatyda Saýran kölünden itiň halas edilşine bagyşlanan ýadygärlik goýuldy

  • 25.03.2026 14:38
  • 8.8k+

Gazagystanyň Almaty şäherindäki Saýran kölüne guýýan derýanyň eteginde 10 ýyl mundan ozal bolup geçen waka — suwa gaçan itiň halas edilişine bagyşlanan ýadygärlik dikildi.

Waka 2016-njy ýylyň iýunynda bolup geçipdi. Şonda köle baryp guýýan Uly Almaty derýasyna it gaçýar. Ýerli ýaş ýigitleriň biri ony halas etmek üçin aşak düşýär. Soňra tötänden gabat gelen ötegçiler el tutuşyp, zynjyra düzülip, olaryň ikisinem suwdan çykarmagy başarypdylar. Bu wakanyň wideosy internetde ýaýrap, giň köpçüligiň seslenmesini gazanypdy.

Instalýasiýasy suratkeş hem heýkeltaraş Ýerbosyn Meldibekow döretdi. Ol bu wakany häzirki zaman sungatynyň serişdeleri arkaly beýan etmegi we gatnaşyjylaryň hereketlerini dürli taraplardan suratlandyrmagy maksat edinendigini gürrüň berdi.

"Bu wakanyň örän möhüm bir tarapy bar: ondan dokumental surat we wideo materiallar galdy. Hut şu ýerde men bu gahrymanlaryň goýan yzyny, olaryň hereketlerini dürli taraplardan we häzirki zaman sungatynyň stilinde galdyrmak isledim" — diýip, suratkeş belledi.

Bürünçden döredilen heýkel diňe bir bolan wakalary ýatlatman, eýsem, islendik pursatda-da birek-birege kömege ýetişmegiň ähmiýetini alamatlandyrýar.


şu gün 10:39
3.8k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 16:49
3.2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

19.06.2026 11:22
4.4k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

17.06.2026 11:37
4.9k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......