«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işe girizildi

  • 24.03.2026 14:46
  • 2.2k+

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty tebigatchy.co.tm salgysy boýunça işläp başlady. Bu platformanyň işe girizilmegi guramanyň ekologiýa başlangyçlary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Işiň esasy ugurlary ýurduň ekologiýa abadançylygyny goldamak, ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek we tebigata aýawly çemeleşmegi wagyz etmek bilen baglanyşyklydyr. Guramanyň işi, şeýle hem milli ekologiýa maksatnamalaryna gatnaşmagy we meýletinçilik hereketlerini ösdürmegi öz içine alýar.

«Täze web-saýtymyzyň işe girizilmegi — sanlylaşdyrma we ekologiýa medeniýetiniň utgaşmasydyr. Ol diňe bir maglumat çeşmesi bolman, eýsem, tebigaty goramak ugrundaky başlangyçlaryň ähli taraplar üçin elýeterli bolmagyna hyzmat eder. Bu platforma ekologiýa durnuklylygy ugrunda halkara derejesindäki gatnaşyklary berkidýän möhüm köpri bolar» — diýip, guramanyň başlygy Leýli Şyhmädowa belledi.

Saýtda guramanyň işi baradaky habarlar we maglumatlar türkmen, rus we iňlis dillerinde ýerleşdirilýär. Şeýle hem ulanyjylara gurama agza bolmak ýa-da meýletinçilik hereketine goşulmak üçin onlaýn ýüz tutma mümkinçiligi hödürlenýär.

Saýtyň işe girizilmeginiň jemgyýetçilik we halkara guramalar bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etmegine garaşylýar.


düýn 12:12
6.2k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

10.06.2026 11:13
8.3k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

08.06.2026 12:39
6.8k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....