Mr. Pringles we süýri totuguş: Nikon Comedy Wildlife Awards-yň gülkünç suratlary

  • 23.03.2026 22:21
  • 5.5k+

Nikon Comedy Wildlife Awards fotosurat bäsleşigi 2026-njy ýyl üçin suratlaryň kabul edişliginiň başlandygyny yglan etdi. Bu mynasybetli guramaçylar 2025-nji ýyldaky bäsleşige gelip gowşan, öň çap edilmedik gyzykly suratlary görkezdiler.

Metbugat beýanatynda munuň öň görülmedik işleriň ýygyndysydygy aýdylýar. Gatnaşyjylar üçin baýraklar hem yglan edildi. Esasy baýrak — Keniýadaky Masai Mara goraghanasyna gezelenç. Ýeňijilere Nikon fotokameralary we obýektiwleri ýaly beýleki baýraklar hem göz öňünde tutulan.

Bäsleşige gatnaşmak mugt, oňa islendik kamerada düşürilen suratlar kabul edilýär. Arzalar 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli kabul ediler. Finalçylar oktýabr aýynda, ýeňijiler bolsa dekabr aýynda yglan ediler.

Bäsleşik birnäçe nominasiýany öz içine alýar: süýdemdirijiler; guşlar; süýrenijiler, amfibiýalar we mör-möjekler; balyklar we suwda ýaşaýan beýleki jandarlar; ýaş suratçy; portfolio; Nikon wideosy we tomaşaçylaryň halany.

Görkezilen saýlama işler:

"Dünýäde iň uzyn totuguş" / © Elizabeth Sanjuan

"Owadanja bolupdyryn gerek?" / © Morris Hersko

"Çiginleriň güýji" / © Scott Kalter

"Tans meýdançasy" / © Brigitte Alcalay-Marcon

"Dur, men ol ýere birinji bardym!" / © Bruno Zavattin

“Gülgüne çüňkli” / © Arindam Saha

"Golf oýnamagyň howply tarapy" / © Michael Lambie

“Mister Pringles – ýapragyň goragçysy / © Sritam Kumar Sethy


20.06.2026 20:25
9.9k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

19.06.2026 19:36
5.6k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

18.06.2026 22:32
4.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:05
2.7k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......