Dünýäniň iň uly parowozy ABŞ-nyň 250 ýyllygynyň şanyna syýahata çykdy

  • 23.03.2026 15:44
  • 9.5k+

Union Pacific kompaniýasy dünýäniň iň uly işleýän parowozy bolan «Big Boy No. 4014-i» ýurduň 250 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ABŞ boýunça syýahata ugratdy. Gezelenç 29-njy martda Waýoming ştatynyň Şaýenn şäherinden başlanar.

Parowoz birnäçe ştatlaryň içinden geçip gider. Ilkinji duralga hökmünde Kaliforniýada duran «polat at», Newada we Ýuta ştatlaryndan hem geçer. Ýakyndan tomaşa etmek isleýänler üçin sergiler 10–11-nji aprelde Rozwillde we 18–19-njy aprelde Ogdende geçiriler. Şeýle-de, onuň hereketini internetde onlaýn-treker arkaly hem yzarlap bolar. 

1941-nji ýylda agyr ýükleri daşamak üçin şeýle ulaglaryň 25-siniň öndürilendigine garamazdan, şu günlere çenli olaryň diňe 8-si saklanyp galypdyr. «Big Boy» bolsa şolardan ýekeje işlemäge ýaramlysydyr. Ulanylan döwründe 1,6 million kilometrden gowrak ýol geçen lokomotiw 1961-nji ýylda hyzmatdan aýrylsa-da, 2019-njy ýylda ýene gaýtadan dikeldildi.

Parawozyň uzynlygy takmynan 40 metr, agramy 540 tonna barabar. Göwresiniň äpetligi zerarly öwrümlerde kynçylyk çekmezi ýaly, onuň gurluşy çeýe bogunly görnüşde ýasalandyr.

Baharyň ahyrlarynda marşrutyň gündogar bölegi hem işe giriziler. Özi-de şu gezek parowozyň taryhda ilkinji ýola Atlantik okeanynyň kenaryna çenli barmagyna garaşylýar.


düýn 00:57
4.9k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

20.06.2026 19:55
11k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

19.06.2026 19:36
6k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......