«Wedmak 3» oýnundaky gorkunç dub agajy tebigatyň ýadygärligi diýip ykrar edildi

  • 22.03.2026 16:14
  • 3.3k+

«Wedmak 3» oýnundaky iň gynançly hem gorkunç ýerleriň birini döretmäge ylham beren dub agajy Polşada döwlet tarapyndan goralýan tebigat ýadygärligi diýlip ykrar edildi. Bu barada Reddit forumynyň ulanyjylary habar berdiler.

Gürrüň muşdaklaryň arasynda Geralt diýlip atlandyrylýan dub agajy barada gidýär. Ol Warşawada, «CD Projekt Red» studiýasynyň baş edarasynyň edil gabat garşysynda ösüp otyr. Indi bu agajy ýerli ekologiýa gulluklary gorag astyna aldy.

Oýun işlenip düzülýän wagtlary studiýanyň işgärleriniň agajy öz binalarynyň penjiresinden garşy-garşy synlandyklary belli zat. Şol sebäpli-de, ulanyjylar oýnuň Welen sebitindäki meşhur «Dar agajy» (Дерево висельников) atly ýeriniň döredilmegine hut şu dub sebäp bolandyr diýip güman edýärler. 

Agajyň boýy takmynan 22 metr, ýaýrawy 4 metre ýetýär. Gorag derejesi berleninden soň, Polşanyň kanunçylygy dubuň golaýynda gurluşyk işlerini geçirmegi, şeýle hem oňa zeper ýetirip biljek islendik hereketi gadagan edýär.

Bu künjek öňden bäri hem syýahatçylary we «CD Projekt Red» studiýasynyň oýunlarynyň muşdaklarynyň uly höwes bilen gelýän ýeri bolup durýardy.


22.06.2026 14:49
1.7k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

08.06.2026 16:23
2k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

29.05.2026 11:34
6.1k+

«EA Sports FC 26» oýnuna 2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty režimi goşuldy

Electronic Arts kompaniýasy 2026-njy ýyldaky futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «EA Sports FC 26» oýny üçin uly täzelenmäni çykardy....

22.05.2026 20:52
3.2k+

GTA VI-nyň noýabrda çykjakdygy resmi taýdan tassyklandy

GTA VI oýnunyň çykjak senesi gutarnykly tassyklanyldy — oýun 2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda elýeterli bolar. Bu barada Take-Two kompaniýasy özüniň maliýe hasabatynda resmi ýagdaýda yglan etdi....