FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyny täze formatda görkezmek hakda YouTube bilen ylalaşdy

  • şu gün 09:25
  • 403

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda YouTube bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini yglan etdi. Mundan ozal FIFA şuňa meňzeş ylalaşygy TikTok bilen hem baglaşypdy.

Gürrüň ýaryşyň doly göni ýaýlymy barada gitmeýär. Hyzmatdaşlar käbir oýunlary dolulygyna, şeýle hem her oýnuň ilkinji 10 minutyny göni ýaýlymda görkezip bilerler. Bu çemeleşmäniň tomaşaçylary esasy ýaýlymlara çekjekdigi çak edilýär.

Mundan başga-da, media hyzmatdaşlary oýunlaryň dürli burçlardan düşürilen wideolaryna elýeterlilik alarlar. Bu bolsa goşmaça kontentleri — synlary, seljermeleri we eksklýuziw materiallary döretmäge mümkinçilik berer.

FIFA-nyň baş sekretary Mattias Grafström bu hyzmatdaşlygyň dünýäniň çar künjegindäki janköýerler üçin çempionaty has elýeterli etmäge kömek etjekdigini belledi.

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň 16 şäherinde geçiriler.


düýn 11:19
8.8k+

Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi

Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär...

09.03.2026 10:45
837

YouTube öz goşundysynda şahsy habarlaşyk ulgamyny gaýtadan dikeldýär

YouTube platformasy özüniň ykjam goşundysynda ulanyjylaryň biri-biri bilen göni habarlaşmagyna mümkinçilik berýän şahsy habarlaşyk funksiýasyny täzeden synagdan geçirip başlady. Bu täzelik häzirki wagtda Ýewropanyň 31 döwletinde elýeterlidir...

03.03.2026 23:28
6.8k+

2026-njy ýylda dünýäde iň köp girilen 20 saýt

2026-njy ýylda global internet trafikiniň esasy bölegi henizem az sanly iri platformalarda jemlenmeginde galýar. Olar ulanyjylaryň nähili maglumat gözleýşini, wideolary görşüni, aragatnaşyk saklaýşyny we internetde söwda edişini kesgitleýär...

23.02.2026 12:48
2.7k+

YouTube bilen indi telewizor görýärkäňiz hem gepleşip bolar

​YouTube özüniň synag tapgyryndaky emeli aň guralynyň gerimini giňeldýär we ony akylly telewizorlarda (Smart TV), oýun konsollarynda hem-de striming pristawkalarynda synagdan geçirip başlaýar. Ozal bu funksiýa diňe mobil goşundyda we serwisiniň web wersiýasynda elýeterlidi...