Psihologlar TikTok-y soňsuz waraklamagy bes edip, wagtyňa erk etmek hakda maslahat berdiler

  • 20.03.2026 19:13
  • 4.9k+

Psihologlar programmalardaky lentalary geçirenlerinde näme üçin adamlaryň saklanyp bilmeýändigini düşündirdiler we şeýle hereketi edýärkäň özüňi gaýtadan ele almagyň usulyny teklip etdiler.

Soňsuz skrolling - bu sahypa aşak geçirildigisaýy mazmunyň ýüklenmek funksiýasydyr. Ol sosial mediada (TikTok, Instagram, X), onlaýn dükanlarda we wideo hyzmatlarynda ulanylýar. Bilermenleriň pikirine görä, bu meseläniň sebäpleriniň biri tebigy togtama nokadynyň ýoklugydyr: ulanyjy mazmunyň gutarandygy barada hiç hili signal almaýar.

Ýene bir faktory - täze, gyzykly mazmuna garaşylmagydyr. Algoritmler ulanyjylaryň gyzyklanmasyny goldamak arkaly, olaryň isleglerine esaslanýan ýazgylary saýlaýar we yzygiderli görmegi dowam etmäge höweslendirýär.

Bilermenler tehniki çäklendirmelerden başlamagy maslahat berýärler. Mysal üçin, smartfonyňyzda ekran wagtyny dolandyryş funksiýasyny ulanyp ýa-da sosial mediany awtomatiki usulda togtadýan, interfeýsiň wizual gözelligini peseldýän ýa-da girişi wagtlaýynça petikleýän programmalary gurnap bilersiňiz.

Şeýle hem, telefonyňyzdan sosial media programmalaryna girmegi kynlaşdyrmak üçin olary aýyrmak ýa-da wideolary görmek üçin gündelik çäklendirilen wagt bölüp goýmak maslahat berilýär.

Uzak möhlete täsir etmegi üçin bilermenler bu endigiň sebäplerini seljermegi maslahat berýärler. Olaryň aýtmagyna görä, skrolling kyn, dartgynly işlerden ýa-da käbir duýgulardan gaça durmagyň bir usuly bolup biler.

Sosial medianyň özüňize hakykatda nä derejede "gerekdigi" barada pikirleniň. Ony öz peýdaňyz üçin işjeň ulanýarsyňyzmy (meselem, biznesiňizi öňe sürmek üçin) ýa-da bilesigelijilikden hasaba alyndyňyzmy we özüňizden munuň näme üçin gerekdigini sorap gördüňizmi? Eger gürrüň ikinjisinde bolsa, onda oňa sarp edýän wagtyňyzy azaltsaňyz, nämeler gazanyp bilersiňiz we onsuz durmuşyňyz erbetleşäýermikä - bular barada oýlanmagyň wagty geldi.

Bu wariantlar wagt we tagalla talap eder, ýöne olar size endikleriňizi seljermäge we durmuşyňyzy tertibe salmaga kömek eder.


04.06.2026 19:43
4.3k+

Barlag: Adamlar öňkülerinden az gürläp başladylar

Kanzas-Siti şäherindäki Missuri uniwersitetiniň we Arizona uniwersitetiniň alymlary adamlaryň ortaça dilden gepleşigi has az ulanyp başlandyklaryny anykladylar. Barlagyň netijelerine görä, soňky ýyllarda......

03.06.2026 19:11
3.3k+

Barlag: Çalşykly iş beýni sebitleriniň ikisiniň göwrümini kiçeldýär

Gijeki iş we üýtgeýän iş tertibi köpden bäri beden üçin çynlakaý kyn synag hökmünde ykrar edilip gelinýär. Sirkada ritminiň bozulmalary, dowamly ukusyzlyk, stress we ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiliginiň......

02.06.2026 13:03
4.2k+

Aýdym-sazmy ýa dym-dyrslyk: alymlar talyplaryň näme üçin okuw wagty saz açyp goýýandyklaryny anykladylar

Okuw kitaplaryny gapdaldan goýberilen sazlaryň owazynda okamak endigi ünsüň ýa-da ýadyň aýratynlyklary bilen däl-de, adamyň mukamlara bolan emosional garaşlylygyň derejesi bilen baglanyşyklydyr....

01.06.2026 20:27
3.8k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......