Huawei içi sowadyjyly ilkinji smartfonyny tanyşdyrdy

  • 20.03.2026 18:48
  • 3k+

Huawei kompaniýasy işjeň sowadyş ulgamy bilen üpjün edilen Mate 80 Wind Chaser Edition smartfonyny resmi taýdan görkezdi. Bu modeliň çykjagy geçen ýyldan bäri belli bolsa-da, ol 2025-nji ýylyň noýabrynda «Mate 80» seriýasy bilen bile çykar öýdülip garaşylypdy. Ýöne garaşylan çykman, satuw wagty yza süýşürildi.

Indi bolsa kompaniýa täze smartfon üçin deslapky sargytlaryň 20-nji martdan başlanandygyny yglan etdi we onuň doly tehniki häsiýetnamalary bilen 23-nji martda tanyşdyrjakdygyna söz berdi.

Daşyndan seredeniňde, «Wind Chaser Edition» adaty modelden sähel tapawutlanýar. Esasy üýtgeşme — kameranyň töweregindäki giň halkadyr. Şol halkanyň içindäki kiçijik deşijekler enjamyň içinde gurnalan sowadyjynyň işlemegine şert döredýär. 

«Smartfonda sowadyjy nämä gerek?» diýen soragy berjeklere «Enjamyň aşa gyzmazlygy, şeýle-de wideo ýa başga maksat bilen uzak wagtlyk ulanylanda agram görmän, durnukly işläp bilmegi üçin» diýip, jogap berip bolar.


09.06.2026 23:04
2.7k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.2k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2.1k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......