Asla ýykylmaýan OMO X motosikli sürüjisiz hem başyny çaraýar

  • 18.03.2026 09:51
  • 3.6k+

Omoway kompaniýasy öz-özüni deňagramlylykda saklaýan ulgam bilen enjamlaşdyrylan OMO X elektrikli motosikliň köpçülikleýin önümçiligine başlandygyny yglan etdi. Bu baradaky resmi habar Singapurda geçirilen giňişleýin tanyşdyryş dabarasynda mälim edildi.

OMO X-iň esasy aýratynlygy — hiç hili kömeksiz öz deňagramlylygyny durnukly saklap bilmegidir. Bu mümkinçilik aerokosmos derejesindäki giroskoplary we emeli aň algoritmlerini birleşdirýän täze OMO-ROBOT binýady arkaly amala aşyryldy. Bu ulgam motosikliň ýagdaýyny yzygiderli seljerip, ähli hereketleri awtomat usulda dolandyrýar.

Tehnologiýanyň özeninde durýan güýçli giroskop (CMG) motosikleti iň pes tizlikde ýa-da doly saklanan pursatynda hem dik saklamaga ukyplydyr. Bu bolsa iki tekerli ulaglarda iň köp duş gelýän kynçylyk bolan deňagramlylygy ýitirmek we ýykylmak howpuny aradan aýyrýar.

Motosikletiň akylly elektronikasy ýoldaky ýagdaýy hem doly gözegçilikde saklaýar. Ol tekerleriň ýol bilen galtaşygyny barlaýar, taýmak ähtimallygyny peseldýär, çylşyrymly öwrümlerde sürüjä kömek edýär we bökdençliklere bada-bat garşylyk görkezýär.

OMO X özbaşdak duralga-da geçip bilýär. Sürüjä bolsa ony ýanyna çagyrmak üçin ykjam telefony ulanmak ýeterlik. 

Akylly motosikl ilki Indoneziýa bazaryna çykarylar. Bu ýerde öňünden sargytlar 2026-njy ýylyň aprel aýynyň ahyrynda açylar, resmi satuwlar bolsa maý aýynda başlar. Ulagyň bahasy we doly tehniki häsiýetnamalary satuwa az wagt galanda aýan ediler.


şu gün 08:19
164

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

şu gün 01:38
1.9k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

düýn 14:04
8.4k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
4.9k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......