Infiniti QX80 wnedorožnikleriniň has güýçli wersiýalaryny taýýarlaýar

  • 17.03.2026 15:32
  • 2.1k+

Infiniti kompaniýasy täze nesil QX80 modeliniň hataryny has güýçli we çalt modifikasiýalar bilen giňeltmekçi bolýar. Bu barada brendiň önümler boýunça direktory Braýan Maranýo «Automotive News» neşirine habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, kompaniýa bu modeliň azyndan iki sany täze wersiýasyny taýýarlaýar. Birinji modifikasiýa, ähtimal, Red Sport adyny alar we geljek ýylyň ýazynda bazara çykar. Onuň esasy tapawudy has güýçli hereketlendiriji bolar: 3,5 litrlik turbonadduwly V6 hereketlendirijiniň güýjüni 450-den 600 at güýjüne çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Daşky görnüşindäki üýtgeşmeler ujypsyz bolar. Olaryň arasynda has uly teker diskleri, gyzyl tormoz supportlary we karbondan ýasalan bezeg elementleri agzalýar. ABŞ-nyň bazarynda şeýle awtoulag Cadillac Escalade-V bilen bäsleşip biler.

Soňrak Infiniti Track Spec konseptiniň esasynda has radikal wersiýany çykarmagy göz öňünde tutýar. Bu modelde asma (podweska) üçin ýörite sazlamalar, peseldilen klirens we agras aerodinamik gurluşlar (obwes) bolar. Geçen ýylky konsept adaty hereketlendirijiniň 650 at güýçli wersiýasy bilen enjamlaşdyrylypdy. Başga bir çaklama görä, güýç beriji gurluş SEMA sergisinde görkezilen QX80 R-Spec prototipiniň esasynda döredilip biler. Ol awtoulag GT-R modelinden alnan we güýji takmynan 1000 at güýjüne deň bolan 3,8 litrlik motor bilen enjamlaşdyrylypdy, emma şeýle uly güýjüň seriýalaýyn wersiýa üçin niýetlenilmegi kyn hasaplanýar.

Mundan ozal Infiniti-niň wekilleri birnäçe täze modelleri çykarmak meýilnamalaryny hem tassyklapdylar. Olaryň arasynda benzinli V6 hereketlendirijili, mehaniki geçirijiler gutusy we yzky çekiji ulgamly sport sedany hem bar.


düýn 06:21
4.3k+

Toyota RAV4-i pikapa öwürmek isleýär

Toyota kompaniýasy häzirki nesil RAV4 krossoweriniň platformasynda täze ýeňil pikap işläp düzmegiň we çykarmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada ýapon konserniniň Demirgazyk Amerika bölüminiň ýolbaşçysy......

17.05.2026 15:25
6.2k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....

16.05.2026 18:14
4.1k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

15.05.2026 11:08
3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....